Ï Türkmen döwlet maliýe instituty sanly ykdysadyýet we ykdysady nazaryýet boýunça olimpiadalaryň netijelerini jemledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen döwlet maliýe instituty sanly ykdysadyýet we ykdysady nazaryýet boýunça olimpiadalaryň netijelerini jemledi

view-icon 2936
Türkmen döwlet maliýe instituty sanly ykdysadyýet we ykdysady nazaryýet boýunça olimpiadalaryň netijelerini jemledi

Türkmen döwlet maliýe instituty sanly ykdysadyýet we ykdysady nazaryýet boýunça internet-olimpiadalaryň netijelerini yglan etdi. Bäsleşik ýokary okuw mekdep tarapyndan ýurdumyzyň ugurdaş orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda guraldy. 

Olimpiadalar talyplaryň hersiniň aýratynlykda gatnaşmagynda we toparlaýyn bäsleşikler görnüşinde geçirildi. 

Olimpiadada sanly ykdysadyýet boýunça bäsleşigiň şahsy hasabynda birinji orny Aşgabadyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby Aýlara Gulhanowa, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyplary Abdylla Şamyýew we Aýmyrat Täçjanow dagy eýeledi. 

Bu orta hünär mekdepleriň, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebiniň talyplarynyň 14-si olimpiadanyň şahsy hasabynda ikinji we üçünji orunlary eýelediler. 

Toparlaryň arasynda Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň okuwçylary ýeňiji boldular. Ikinji we üçünji orunlar, degişlilikde Aşgabadyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebiniň toparlaryna berildi. 

Olimpiadanyň ykdysady nazaryýet boýunça bäsleşiginiň aýratynlykdaky tapgyrynda Ýazgül Amanowa (Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebi), Gülçemen Hanowa we Şeker Garaýewa (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebi) öňdäki orunlarda boldular.

Ýokarda ady agzalan hünär okuw mekdepleriň üçüsiniň talyplarynyň 16-sy bu olimpiadanyň ýeňijileriniň hataryna girdiler. Toparlaýyn hasabyň netijeleri şeýle boldy: I orun – Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebi, II orun – Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebi we III orun – Aşgabadyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi.

Olimpiadanyň ýeňijileri we baýrak eýeleri Türkmen döwlet maliýe institutynyň degişli derejelerdäki diplomlary bilen sylaglandylar.

Intellektual bäsleşikler has zehinli we ukyply talyplary ýüze çykarmak we höweslendirmek, ýaşlaryň okuw-bilim işlerine we ylymlary öwrenmäge gyzyklanmalaryny artdyrmak, şeýle hem ýurduň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen geçirildi.