Ï Hytaý Halk Respublikasynyň gümrük edaralarynyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna sapary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hytaý Halk Respublikasynyň gümrük edaralarynyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna sapary

view-icon 1611
Hytaý Halk Respublikasynyň gümrük edaralarynyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna sapary

Türkmenistanda Ygtyýarly Ykdysady Operatorlar maksatnamasynyň ösüşi Hytaý Halk Respublikasynyň Gümrük baş edarasynyň wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleriniň arasyndaky duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Wekiliýetiň sapary iki edaranyň arasynda özara düşünişmek Ähtmanasyny durmuşa geçirmegiň çäginde guraldy.

Hytaýdan gelen myhmanlar häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň mundan beýläk-de netijeli durmuşa geçirilmegi üçin YYO-nyň ähli ugurlaryny işjeň öwrenýändigini bellediler. Şu nukdaýnazardan, Hytaý tejribesini öwrenmäge hem uly ähmiýet berilýär.

Saparyň çäginde gümrük işgärleriniň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalarynyň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi. YYO boýunça hytaýly hünärmenler bu maksatnamany ornaşdyrmak boýunça öz tejribelerini paýlaşdylar.

Şeýle-de, Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda saparda bolmagynyň barşynda gullugyň alyp barýan işi, häzirki wagtda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler bilen hem tanyşdyryldy. 

Soňra gullugyň seljeriş otagynda myhmanlara gümrük edaralarynda alnyp barylýan işleri beýan edýän wideoşekiller görkezildi. Hytaý Halk Respublikasynyň gümrük edaralarynyň wekiliýetiniň sapary Arkadag şäheriniň gümrükhanasyna baryp görmegi bilen tamamlandy.

Ygtyýarly Ykdysady Operator (YYO) maksatnamasy gümrük edaralarynyň köpüsi tarapyndan gümrük we söwda ulgamynyň wekillerini gyzyklandyrýan dünýä söwdasyny howpsuzlandyrmak we ýeňilleşdirmek mehanizmi hökmünde durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlyk maksatnamasydyr.