Ï Ýeralma we sogan ekinlerine ideg işleri alnyp barylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýeralma we sogan ekinlerine ideg işleri alnyp barylýar

view-icon 1912
Ýeralma we sogan ekinlerine ideg işleri alnyp barylýar

Ýurdumyzyň Lebap welaýatynda şu oba hojalyk ýylynda 1400 gektar ýerde ýazlyk ýeralma ekilip, ondan 19 müň 600 tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar.

Welaýat boýunça ýazlyk ýeralma eken etraplaryň ählisinde hem bu möwsüme ykjam taýýarlykly gelinmegi, ýeralmanyň ýokary hasyl berýän, sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, synagdan geçen tohumlarynyň saýlanyp alynmagy hem-de ekişiň öz wagtynda, agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmegi, ekiş geçirilen ähli meýdanlarda bu ekiniň endigan gögerişini gazanylmagyny üpjün etdi. 

Her gektardan ýeralmanyň 140 sentner hasylyny almaklygy maksat edinýän lebaply daýhanlar häzirki wagtda bu möhüm azyklyk ekinine daýhan yhlasy bilen seredip, ideg işlerini, ýagny suwarmak, hatarara bejergilerini geçirmek, zerur bolan organiki hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek çärelerini yzygiderli alyp barýarlar. Bu bolsa ýeralmanyň talabalaýyk boý almagyna we hasyllylygynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär. 

Şu möwsümde ýylyň-ýylyna welaýat boýunça bu ekiniň bol hasylynyň alynmagyna uly goşant goşýan Çärjew etrabynda 480 gektar, Dänew etrabynda 350 gektar, Saýat we Halaç etraplarynda degişlilikde 300 hem-de 130 gektar ýerde ýeralma ekilip, ekinlere ideg işleri has-da göwnejaý alnyp barylýar. Şeýle hem welaýat boýunça şu ýyl 900 gektar ýerde ýazlyk sogan ekilip, her gektaryň hasyllylygyny 250 sentnere ýetirmeklik, möwsümde bolsa 22 müň 500 tonna sogan öndürmeklik göz öňünde tutulýar.    

Bu ugurda etraplaryň ählisinde hem işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy, ekinlere agrotehniki kadalara laýyklykda ideg edilmegi, ekerançylaryň tutanýerli zähmeti netijesinde soganyň bol hasyly kemala getirilýär. Bu işde degişlilikde 230 we 221 gektar ýerde ýazlyk sogan eken Çärjew we Hojambaz etraplarynyň gök ekerançylary has tapawutlanýarlar. Häzirki wagtda welaýatyň gök ekerançylarynyň ekinlere edýän yhlasly ideg işleri olaryň öňde goýan asylly maksatlaryna ýetjekdiklerine şaýatlyk edýär.