Ï Deňizde haryt we ýolagçy daşamalarynyň ösüşi artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Deňizde haryt we ýolagçy daşamalarynyň ösüşi artýar

view-icon 1819
Deňizde haryt we ýolagçy daşamalarynyň ösüşi artýar

Türkmenistanyň «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti şu ýylyň birinji çärýegi üçin ýük daşamak meýilnamasyny ep-esli artygy bilen ýerine ýetirdi.

«Deňiz söwda flotunyň» gämileri tarapyndan 2024-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda daşalan ýüküň umumy möçberi, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 14,1% artyp, 586,5 müň tonna barabar boldy. Umuman, flotuň 2024-nji ýylyň ýanwar — mart aýlary üçin ýük daşamak boýunça meýilnamasy 133,3% ýerine ýetirildi.

Birinji çärýekde deňiz ulagynda hem ýük dolanyşygynda, hem ýolagçy dolanyşygynda täsir galdyryjy ösüş depgini gazanyldy. 2024-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýük dolanyşygy 236 096 mln.tn.km boldy, bu bolsa 2023-nji ýylyň degişli döwrüň görkezijilerinden 4,2% ýokarydyr, bu döwürde ýük dolanyşygy meýilnamasy 188,0% ýerine ýetirildi.

2024-nji ýylyň birinji çärýegindäki ýolagçy dolanyşygy barada aýdylanda bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 44,5% artyp, 1,910 mln.ýolag.km boldy. Şunda meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 355,0% barabar boldy.

Daşalan konteýnerleriň sany 1879 TEU, ösüş depgini 184,4% boldy.