Ï Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti mekdep okuwçylary üçin iňlis dili olimpiadasyny geçirer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti mekdep okuwçylary üçin iňlis dili olimpiadasyny geçirer

view-icon 3823
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti mekdep okuwçylary üçin iňlis dili olimpiadasyny geçirer

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda iňlis dili olimpiadasyny geçirer.

Olimpiada iki tapgyrdan ybarat bolar. Birinji tapgyr 25-nji aprelde onlaýn görnüşde geçiriler. Oňa gatnaşýanlara synag meselelerini çözmek üçin 80 minut wagt berler.

Birinji tapgyryň netijeleri we ikinji tapgyra gatnaşýanlaryň sanawy 28-nji aprelde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiň resmi saýtynda ýerleşdiriler.

Bäsleşigiň ikinji tapgyry 3-nji maýda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde olimpiadaçylaryň göni gatnaşmagynda guralar. Onda okuwçylaryň gürleýiş başarnygyna baha berler.Oňa gatnaşyjylar iňlis dilinde erkin gürleýşini we sowal-jogap görnüşinde iňlisçe gepleýiş başarnygyny görkezmeli.

Olimpiada gatnaşmaga höwesjeňler bäsleşigi guraýan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiň ýokarda agzalan saýtynda hasaba alynýar. Şeýle hem 39-85-50; +993 65 80 99 06; +993 61 17 39 89 telefonlar we iuhdolympiads@gmail.com elektron salgy boýunça goşmaça maglumatlary alyp bolar.

Olimpiada mekdep okuwçylarynyň iňlis dilini bilşiniň umumy derejesine baha bermäge, taglymat we amaly bilimlerini berkitmäge, dil endiklerini hem-de başarnyklaryny ösdürmäge we kämilleşdirmäge, has zehinli okuwçylary ýüze çykarmaga, şeýle hem ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesini artdyrmaga gönükdirilendir.