Ï Gowaça ekişi gyzgalaňly dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gowaça ekişi gyzgalaňly dowam edýär

view-icon 1740
Gowaça ekişi gyzgalaňly dowam edýär

Lebap welaýatynda şu oba hojalyk ýylynda 130 müň gektar ýere gowaça ekilip, ondan bol pagta hasylyny almaklyk göz öňünde tutulýar. Şu maksat bilen, gündogar sebitiň ähli etraplarynda örän jogapkärli möwsüm – geljekki bol hasylyň ykbalyny kesgitleýän gowaça ekişi guramaçylykly dowam etdirilýär. 

Häzirki döwre çenli welaýat boýunça jemi gowaça ekilmeli ýeriň 80 göterimine golaý ýerde ýokary hilli ekiş geçirilmegi we bu işiň ýokary depginde dowam etdirilmegi, lebaply hasyl ussatlarynyň bu möhüm çäräni ýakyn wagtlarda tamamlajakdyklaryna şaýatlyk edýär. Bu bolsa, möwsümde kuwwatly, ýokary öndürijilikli daşary ýurt tehnikalarynyň netijeli, gurat we bökdençsiz işledilmeginiň oňyn netijeleridir. Gowaça ekişi möwsüminde tehnikalaryň ep-esli böleginiň sanly ulgam arkaly işledilýändigi bolsa, oba hojalyk ulgamynda ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlarynyň önümçilige işjeň ornaşdyrylýandygynyň subutnamalarydyr. Welaýat boýunça ýaz ekişine tehnikalary taýýarlamak işleriniň öz wagtynda geçirilmegi, etraplarda kuwwatly tehnikalaryň we ekijileriň möwsüme doly taýýar edilmegi hem-de olaryň netijeli peýdalanylmagy sebitde işleriň talaba laýyk ýola goýulandygynyň görkezijileridir. 

Ekiş möwsüminde «Monosem» kysymly sanly ulgam arkaly dolandyrylýan takyk ekijileriň, şeýle hem ekijileriň kämil görnüşleriniň 400-e golaýynyň netijeli ulanylmagy ekişiň bellenilen möhletde agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmegini, gowaçanyň kadaly düýbüni almaklygy, şeýle hem öz wagtynda we doly gögeriş gazanylmagyny üpjün eder. Bulardan başga-da etraplaryň daýhan birleşiklerinde bar bolan ekijiler doly abatlanyp, möwsümde netijeli işledilýär. Ýeri gelende gowaça ekişinde işledilýän tehnikalar, ekijiler we tirkeg gurallary üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň hem öňünden taýýar edilendigini belläp geçmek möhümdir. Bu bolsa hasylyň ykbalyny kesgitleýän jogapkärli möwsümde işleri bökdençsiz alyp gitmäge mümkinçilik berýär. 

Welaýatda ekiş möwsümi üçin ýokary hilli gowaça çigidiniň ýeterlik mukdarda taýýar edilmegi, bu möhüm çäräni bökdençsiz dowam etmäge şert döredýär. Häzirki wagtda ekin meýdanlarynda gowaçanyň ýokary hasyl berýän, welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyklyk gelýän «Ýolöten-39», «Ýolöten-7», «S-2606» görnüşleri ekilýär we olardan ýokary hasyla garaşylýar. Bulardan başga-da, Saýat etrabynda ýerleşýän ylmy-önümçilik synag merkezinde gowaçanyň «Ýolöten-50», «Ýolöten-53» we «Garaşsyzlyk» ýaly sortlarynyň synag üçin ekilmegi welaýatda synag-tejribe işleriniň hem giňden alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär.

Bu jogapkärli möwsümde welaýatyň Halaç, Saýat, Kerki, Dänew we Çärjew etraplarynyň oba hojalykçylarynyň has-da tapawutlanýandygyny belläp geçmek bolar.

Welaýatyň daýhanlarynyň örän jogapkärli möwsümdäki yhlasly zähmeti, olaryň şu oba hojalyk ýylynda hem ýurdumyzyň milli baýlyklarynyň biri bolan «ak altynyň» bol hasylyny kemala getirjekdiklerine şaýatlyk edýär.