Ï Ýokary depginde gurulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýokary depginde gurulýar

view-icon 1808
Ýokary depginde gurulýar

Daşoguz welaýatynda täze ýaşaýyş jaý toplumynyň we şäherden halkara howa menziline barýan gara ýoluň ugrunda tapgyrlaýyn gurulýan beýleki desgalaryň gurluşygynyň birinji nobaty tamamlaýjy tapgyra girdi. Şu güne çenli bu ýerde gurluşyk we gurnama işleri tamamlandy diýen ýaly.

Onlarça köp öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlary ulanylyşa taýýar diýseňem bolýar. Olar giňligi we aşa rahatlygy bilen tapawutlanýarlar. Alty ýüz okuwça niýetlenen umumy bilim berýän täze mekdep bilen 240 orunlyk täze çagalar bagy-da ulanylyşa taýýar. Täze toplumda ösen infrastruktura döredilýär. Bu ýerde täze elektrik, gaz, suw geçirijileriniň we lagym ulgamlarynyň, jaýlara barýan we içerki awtomobil hem pyýada ýollaryň birnäçe kilometri çekilýär. Diňe gurluşygyň birinji nobatynda eýýäm dürli maksatly awtomobil ýoluň, takmynan, 11 kilometriniň, tehniki gatnaşyk ulgamynyň aglaba böleginiň çekilendigini aýtmak ýeterlikdir.

Ýetmiş bir gektar meýdany eýeleýän täze ýaşaýyş jaý toplumy gurluşygy doly tamamlanandan soň, içki gurluşy kämilleşdirilen, jemi 1496 öýe hasaplanan 70 sany dört gatly ýaşaýyş jaýyndan ybarat bolar. Olara ýanaşýan ýerler abadanlaşdyrylyp, çyra çekiler we bag-bakja ekiler. Bu ýerlerde sadaka etmek hem awtomobil goýmak üçin meýdança gurmak-da göz öňünde tutulýar.

Şu günler gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýan saglyk merkezi we durmuş hyzmatlary öýi bolsa jemgyýetçilik we medeni maksatly desgalaryň sanawynyň üstüni ýetirer.