Ï Türkmenistanda ýod önümçiliginiň ylmy esaslary işlenip düzülýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda ýod önümçiliginiň ylmy esaslary işlenip düzülýär

view-icon 1983
Türkmenistanda ýod önümçiliginiň ylmy esaslary işlenip düzülýär

17-nji aprelde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda ýurdumyzyň himiýa pudagynda möhüm orny eýeleýän ýod maddasyny öndürmek boýunça ylmy maslahat geçirildi. Türkmenistanda ýod-bromly suwlaryň uly gorlary we bu ugurda möhüm önümçilik hem eksport mümkinçiligi bar. Ýurdumyzda öndürilýän ýokary ýygylykly tehniki ýod surat materiallarynyň, boýaglaryň, elektronikanyň, sintetik kauçugyň, dürli himiki serişdeleriň, suwuk kristal görkezijileriniň önümçiliginde ulanylýar we birnäçesi daşary ýurda eksport edilýär.

Maslahaty Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň müdiri, himiýa ylymlarynyň kandidaty Hallymyrat Ataýew açdy. Ol ýerli çig maldan importyň ornuny tutýan we dünýä bazarynda bäsleşige ukyply önümleri öndürmek üçin ylmy esaslary we tehnologiýalary işläp düzmek hem ylmy açyşlary önümçilige ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi.

Maslahatda institutyň alymlary we tejribeli hünärmenleri-de çykyş etdiler. Ylmy işler boýunça direktoryň orunbasary Oraz Çaryýew çykyşyny gidromineral çig malyň, nebit we gaz ýataklaryndan çykýan we gatlagasty suwlaryň, senagat akymlarynyň düzümindäki seýrek elementleri we olaryň birleşmelerini kesgitlemek boýunça gözleg işlerine bagyşlady.

Ýod öndürmek üçin dürli çig mal çeşmesi mowzugyny Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň baş ylmy işgäri, himiýa ylymlarynyň kandidaty Çary Kulyýew çykyşy bilen dowam etdirdi. Ýurdumyzyň himiýa senagatynyň esasy çeşmesi bolan gidromineral çig maldan, hususan-da, ýerasty ýod-bromly suwlardan, şeýle hem nebit we gaz ýataklaryndan çykýan ugurdaş we gatlagasty suwlardan peýdaly elementleri almagyň ylmy esaslaryny açyp görkezdi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň «Tebigy gidromineral çig malyň himiýasy we tehnologiýasy» barlaghanasynyň esasy ylmy işgäri, himiýa ylymlarynyň kandidaty Lýudmila Atamalowa öz çykyşynda Türkmenistandaky ýod kärhanalarynda senagat suwlaryny ähli jähetden gaýtadan işlemegiň we olardan täze önüm öndürmegiň usullaryny beýan etdi.

Maslahata gatnaşanlar ýurtda dürli çig mala baý ýataklaryň bardygyny we bu çeşmeleriň ylmy taýdan esaslanan tehnologiýalar esasynda gaýtadan işlenmeginiň isleg bildirilýän dürli görnüşli önümleriň dünýä bazaryna çykarylmagyna we ýurdumyzy dünýäde öňdebaryjy orna çykarmaga mümkinçilik döredýändigini aýtdylar.