Ï Türkmenistanda sanly bank hyzmatlarynyň görnüşi artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda sanly bank hyzmatlarynyň görnüşi artýar

view-icon 2037
Türkmenistanda sanly bank hyzmatlarynyň görnüşi artýar

Eziz Diýarymyzda karz edaralarynyň hasaplaşyk-töleg ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmek, sanly bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak boýunça degişli işler geçirilýär. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda menzilara ýerine ýetirilýän bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler hakynda aýdyldy. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan işlenip taýýarlanan «Internet-bank» we «Mobil-bank» ulgamlaryny ulanyşa girizmek baradaky teklibi hödürläp, olaryň mümkinçilikleri barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň möçberini artdyrmaga möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Munuň üçin töleg ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmek, sanly bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak zerur bolup durýar. 

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi goldap, wise-premýere «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň şahsy taraplar üçin niýetlenen döwrebap bank hyzmatlarynyň ulgamlaryny ulanyşa girizmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.