Ï Bir serginiň taryhy: ýitip giden Turan gaplaňy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bir serginiň taryhy: ýitip giden Turan gaplaňy

view-icon 2628
Bir serginiň taryhy: ýitip giden Turan gaplaňy
camera-icon
Ahmet Öwezmuhammedow

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigaty we ülkäni öwreniş bölüminiň sergisiniň diorammalarynyň birinde süýrenijileriň, süýdemdirijileriň, balyklaryň we guşlaryň dürli görnüşleriniň arasynda haýwanat dünýäsiniň wekili bolup, «Turan gaplaňy» ýa-da «Kawkaz gaplaňy», başgaça «Hazar gaplaňy»  diýlip atlandyrylýan Merkezi Aziýanyň, Günorta Gazagystanyň, Eýranyň we Kawkazyň, bölekleýin demirgazyk-gündogar Owganystanyň, orta asyrlara çenli, az sanlam bolsa, ýaşan ýeri bolan günorta Russiýanyň, şeýle hem Türkiýäniň çet gündogarynyň gazaply ýyrtyjy haýwanynyň ýitip giden görnüşi dur.

Sergidäki bu gäbe şu ýyl 70 ýyl dolýar. Gäbi geň galdyryjy ýagdaýda saklanyp galan haýwanyň gabarasy uly bolupdyr: görkezilen nusganyň göwresiniň uzynlygy 235 sm, guýrugynyň uzynlygy 105 sm. Arkasynyň reňki owadan – kese geçýän gara zolaklardan ybarat aýdyň nagyşly gyzylymtyl-çypar, garny – ak.

Turan gaplaňlaryň iň iri ast görnüşidir, başgaça aýdylanda, dünýädäki iň uly pişikdir. XX asyrda iýmit üpjünçiliginiň ýaramazlaşmagy we onuň aw meýdanynyň adamlar tarapyndan özleşdirilmegi zerarly, olaryň sany barha azalýardy. Haýwanyň bedeniniň uzynlygy üç metre, agramy 320 kilograma ýetip bilýärdi. Planetanyň genofondyndan çykan gaplaňyň ast görnüşi, dürli çeşmelere görä, geçen asyryň ortalarynda ýok bolupdyr. 

Gruziýada şunuň ýaly bir haýwan 1922-nji ýylda Tbilisiniň golaýynda öldürilipdir, Eýranda ol iň soňky gezek 1953-nji ýylda, Gazagystanda 1948-nji ýylda hasaba alnypdyr, ýöne Amyderýanyň dilkawynda we aşaky akymlarynda bu ýyrtyjyny 1957-nji we 1968-nji ýyllarda, şeýle hem 1989-njy ýylda Balhaş kölünde görüpdirler. Şol bir wagtyň özünde, olaryň käbir sebitlerde 1990-njy ýyllara çenli ýaşap biljekdigi çak edilýär: bu haýwanyň Owganystan – Täjigistan serhet ýakasynda, hatda 1998-nji ýylda görlendigi-de öňe sürülýär. Biziň ýurdumyzda bu ast görnüş Günbatar Köpetdagda (Etrek boýunça Çekişlere çenli; Summar we Çendir boýunça), Tejen, Murgap, Amyderýanyň jülgelerinde we tokaýlyklarynda hasaba alnypdyr, 1954-nji ýylda ýazga geçirilen soňky wakadan soň, ol alymlaryň gözünden ýitdi. Alymlaryň arasynda, häzirki zaman molekulýar genetik maglumatlara görä, Turan gaplaňy Amur gaplaňyna meňzeş diýen bir pikir bar, ýöne biologik görnüşleriň şunuň ýaly «täzeden ýetişdirilmek»  usulyny has içgin öwrenmek, şeýle hem ýer üçin adam bilen gapma-garşy bolmazdan, onuň Merkezi Aziýa sebitiniň tebigatyna doly dolanyp gelmek mümkinçiligi baradaky soraglar galýar.

Bu gäbiň muzeýe düşmeginiň taryhy bizi 1954-nji ýyla alyp barýar. Şol ýyl TSSR Ylymlar akademiýasynyň ülkäni öwreniş muzeýine bu haýwanyň derisi sowgat edilende we bolmalysy ýaly gaýtadan işlenenden soň, ol gäp taýýarlanmagy üçin, Moskwanyň Lomonosow uniwersitetindäki täsin önümler ussahanalaryna düşýär. Munuň üçin belli bir duruşda degişli ululykdaky haýwan şekiliniň nusgasy bolan maneken-model ulanylypdyr, derini şol taýyn mäkäm manekene geýdirýärler. Gäp ussalaryň ajaýyp işi haýran galdyrýar, sebäbi üstünden 70 ýyl geçenem bolsa, gäp ýaňy-ýakynda edilen ýaly görünýär. Gaplaň, göýä hüjüme taýynlanýan ýaly, güýçli täsir galdyrýar. Turan gaplaňynyň gäbini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň «Amyderýa»  diorammasyndan başga Türkmenabat şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde-de görmek bolýar.

Ýer ýüzüniň haýwanat dünýäsinde sekiz sany ast görnüş belli. Olaryň üçüsi ýitip gidipdir, galanlary Russiýanyň, Hytaýyň, Sumatranyň we Günorta-Gündogar Aziýanyň gündogar sebitlerinde – Wýetnamdan Hindistana çenli aralykda kyn şertlerde ýaşaýar. Olar dürli şertlerde tropik tokaýlardan başlap taýgada, esasy tokaý gür bolup, süýji suw hem uly otly ösümlikler bar bolsa ýaşap bilýärler. Gaplaň ejiz görnüş hasaplanýar, çünki onuň aw awlaýan ýerleri ep-esli azalypdyr we birden dörde çenli çagany dünýä getirmek bilen, tebigatda her iki-üç ýylda bir gezek çagalaýar, ýöne olaryň hemmesi uly ýaşa ýetmeýär. Gaplaňy goramak boýunça dürli taslamalar we maksatnamalar bar, görülýän çäreler käbir ýerlerde bu haýwanyň sanynyň köpelmegine sebäp bolupdyr. Haýwanat baglarynda saklanýan gaplaňlar gowy köpelýärler. Şeýle hem gaplaň awlamagyň netijelerini «gündogar tebipçiliginiň dermanlaryny»  ulanýanlara düşündirmäge bagyşlanan ýörite gurama döredildi.

Tebigaty we ülkäni öwreniş bölümi muzeý işlerinden başga-da, ekologik aň-bilim babatynda bilim we umumy medeni çäreleri amala aşyrýar, ýaş türkmen raýatlarynda janly tebigat dünýäsiniň ykbaly üçin jogapkärçilik duýgusyny terbiýeleýär. Döwlet muzeýiniň işgärleri ol ýere gelýänlere, Turan gaplaňynyň we beýleki seýrek haýwanlaryň mysalynda tebigatyň näderejede ejizdigini, onuň baýlygyna aýawly çemeleşmelidigini düşündirýärler.