Ï Astrahanda «Hazar sebitiniň ulag logistikasy 2024» atly forum açylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Astrahanda «Hazar sebitiniň ulag logistikasy 2024» atly forum açylýar

view-icon 3014
Astrahanda «Hazar sebitiniň ulag logistikasy 2024» atly forum açylýar

Ertir Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde «Hazar sebitiniň ulag logistikasy 2024» atly III halkara forum açylýar. Bu gezek Astrahana dürli kompaniýalara wekilçilik edýän ýüzden gowrak adamlar jemlendiler, wekilleriň sany bolsa üç ýüze ýakynlaýar.

Munuň özi Hazar boýunça iş alyp barýan hünärmenler üçin maslahatyň uly ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda Russiýadan, Eýrandan, BAE-den, Hindistandan, Türkmenistandan, Gazagystandan, Belarusdan, Azerbaýjandan we beýleki döwletlerden myhmanlara garaşylýar.

Umumy mejlislerde ulag pudagynyň ýokary derejeli hünärmenleriniň, hususy işewürligiň, ugurdaş guramalaryň hem-de döwlet edaralarynyň wekilleriniň çykyşlary göz öňünde tutulýar. Hünärmenler Hazar sebitiniň ulag-logistika kuwwatynyň ösdürilmegi, bazarda emele gelýän ykdysady şertleriň jemlenmegi baradaky meseleleri, sebitde ýükleriň esasy daşalýan ugurlaryny, şeýle hem serhetdeş ýurtlaryň üstünden geçýän deňiz we gury ýer arkaly ulag ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Ozal habar berlişi ýaly, çäräniň maksatnamasynda oňa gatnaşyjylaryň çykyşlaryndan we hasabatlaryndan başga-da, köp sanly medeni-köpçülikleýin çäreler geçiriler, alymlaryň resmi däl ýagdaýda pikir alyşmalary bolar, şäheriň port ulgamyna degişli düzümleýin desgalaryna barlyp görler.

Forumyň guramaçylary bolup çykyş edýän «VIVA CONSULT» we «Afanasy Nikitin» assosiasiýasy «Hazar sebitiniň ulag logistikasy 2024» atly III halkara forumyň üstünlikli we netijeli işlemegi üçin hemme zerur şertleri döretdiler.