Ï Aşgabatda maýa goýumlaryny çekmek we gymmatly kagyz bazaryny ösdürmek boýunça maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda maýa goýumlaryny çekmek we gymmatly kagyz bazaryny ösdürmek boýunça maslahat geçirildi

view-icon 2295
Aşgabatda maýa goýumlaryny çekmek we gymmatly kagyz bazaryny ösdürmek boýunça maslahat geçirildi

ÝHHG-niň Aşgabat merkezi tarapyndan guralyp, 2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde geçirilen seminarda maýa goýumyň ýagdaýyny kämilleşdirmek we maýa bazaryny ösdürmek meselelerine garaldy.

Bu çäräniň maksady gönüden-göni daşary ýurt we içerki maýa goýumlaryny çekmek işindäki öňdebaryjy tejribe we netije alyş-çalşygyna, şeýle hem ykdysady ösüşe itergi bermegiň we maliýe durnuklylygyny üpjün etmegiň esasy faktory hökmünde gymmatly kagyz bazarynyň netijeli infrastrukturasyny emele getirmäge ýardam etmekdir.

Maslahata Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, Aşgabat biržasynyň, döwlet we täjirçilik banklarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, şeýle hem dellallar we maýa bazarynda iş alyp barýan beýleki şahslar gatnaşdy.

Halkara bilermenler öz çykyşlarynda ykdysady howpsuzlygyň düzüm bölegi hökmünde maýa goýum howpsuzlygyna we içerki maýa goýumlarynyň ykdysady ösüşde eýeleýän ornuna garap geçdiler. Olar gönümel daşary ýurt maýa goýumlarynyň peýdany iň ýokary, çykdajyny iň pes derejä ýetirmek nukdaýnazaryndan ähmiýetini nygtadylar, infrastruktura we energetika pudaga edilen maýa goýumlary barada gürrüň berdiler.

Maslahata gatnaşanlar gymmatly kagyzlar bazary, onuň infrastrukturasy, maliýe tehnologiýalary we paýdarlar jemgyýetinde korporatiw dolandyryş bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Ýurduň ykdysadyýetine maýa goýumlaryny çekmek işinde gymmatly kagyz bazarynyň ýokary ähmiýetli ornunyň bardygy we maýanyň netijeli paýlanmagy arkaly ykdysady ösüşi hem maliýe durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen, bu mehanizmi ösdürmelidigi nygtaldy. Maslahatyň çäginde häzirki şertlerde wajyp bolan «ýaşyl» maliýeleşdirmäniň gurallaryna-da garalyp geçildi.

ÝHHG-niň Aşgabat merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregoryň belleýşi ýaly, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy maýa goýumlaryny çekmäge we öz hususy işewürlik pudagyny ösdürmäge, şeýle hem ykdysady howpsuzlygy üpjün etmäge ymtylýan ýurtlar üçin amatly işewür gurşaw döretmegiň möhümdigini ykrar edýär. Işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barýan Türkmenistan üçinem wajyp bolan bu maksada ýetmek üçin ykdysady hyzmatdaşlygy öňe sürmek, edarawy we adam mümkinçiligini ösdürmek, şeýle hem maliýe infrastrukturasyny berkitmek ýaly birgiden faktor möhüm ähmiýete eýedir.