Ï Gündogar sebitde pile ýygymy barha gyzgalaňly häsiýete eýe bolýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gündogar sebitde pile ýygymy barha gyzgalaňly häsiýete eýe bolýar

view-icon 1797
Gündogar sebitde pile ýygymy barha gyzgalaňly häsiýete eýe bolýar

Lebap welaýatynyň ýüpekçileri irki möhletde pile ýygymyna girişdiler we bu möhüm çäre barha gyzgalaňly häsiýete eýe bolýar. Bu bolsa, sebitde ýüpekçilik boýunça işleriň guramaçylykly ýola goýlandygynyň, gurçuk idetmekligiň agrotehniki kadalarynyň doly berjaý edilýändiginiň buýsandyryjy netijeleridir.

Welaýatyň pileçileri şu möwsümde ykdysadyýetimiz üçin gymmatly çig mal bolan piläniň bir müň on tonnasyny öndürmekligi maksat edinýärler. Welaýatyň Çärjew etrabynyň ýüpekçileriniň 6 müň 525 gapdan gowrak gurçuk tohumyndan 261 tonna, Saýat etrabynyň oba hojalykçylarynyň 4 müň 640 gapdan gowrak gurçuk tohumyndan 185,8 tonna, Dänew etrabynyň ýüpekçileriniň hem 3 müň 500 gap töweregi gurçuk tohumyndan 140 tonna pile tabşyrmaklyga borçlanmaklary aýratyn bellärliklidir. Şonuň bilen birlikde, welaýatyň beýleki etraplarynyň ýüpekçileriniň hem her gap gurçuk tohumyndan alýan pileleriniň ortaça mukdarynyň ýokarydygy, bu ugurda sebit boýunça işleriň guramaçylykly ýola goýlandygyny subut edýär.

Şu möwsümde welaýatda ýüpek gurçugynyň daşary ýurtdan getirilen sortlary bilen birlikde, «Lebap-1», «Lebap-2», «Dostluk-1», «Dostluk-2», «Türkmen» we «Ak pile» ýaly görnüşleri idedilýär we öz işine ussat, tejribeli ýüpekçileriň 22 müň 300-den gowragy bilen şertnama baglanyşylyp, 27 müň 650 gutudan gowrak ýüpek gurçugy pileçi-kärendeçilere paýlanyp berlipdir. Welaýatyň Kerki, Halaç, Saýat, Çärjew etraplarynda pile ýygymyna ilkinjileriň hatarynda girişilendigini we bu etraplaryň pileçileriniň depgininiň barha ýokarlanýandygyny belläp geçmek bolar. Häzirki wagtda welaýatyň beýleki etraplarynyň hojalyklarynda hem ýüpek gurçuklarynyň 5-nji ýaşynda bolmaklygy ýa-da pile saramaklyga taýyn bolan gurçuklaryň üstleriniň basyrylmagy ýakyn wagtlarda pile ýygymyna köpçülikleýin girişiljekdigine şaýatlyk edýär.

Ýeri gelende sebitiň ähli etraplarynda pile kabul ediş we guradyş sehleriniň pile kabul etmeklige doly taýýar edilendigini-de belläp geçmek ýakymlydyr. Bu hem pileçi-kärendeçilerden önümi bökdençsiz kabul etmeklige, piläni talaba laýyk guratmaklyga we saklamaklyga mümkinçilik berýär.

Welaýatda tut agaçlaryna ýylyň bütin dowamynda eýeçilik gözi bilen seredilmegi, ýüpek gurçuklarynyň iýmiti – tut ýapraklarynyň ýeterlik mukdarda bolmagyny üpjün edýär. Bu bolsa, ussat ýüpekçileriň tutanýerli zähmeti bilen utgaşyp, bellenilen möhletde ýokary hilli piläniň bol hasylyny almaklyga mümkinçilik berýär.

Şeýle hem hojalyklarda ýüpek gurçuklarynyň idediljek ýerleriniň öňünden doly taýýar edilmegi, möwsümde «Lebapwelaýatýüpek» önümçilik birleşiginiň hünärmenleriniň ýüpekçileriň arasynda yzygiderli bolup, gymmatly maslahatlary berip durmaklary, möhüm we jogapkärli möwsümiň bütin dowamynda gurçuklara talaba laýyk ideg edilmegi özüniň oňyn netijelerini berýär. Welaýatda pudagyň işleriniň guramaçylykly alnyp barylmagy, şeýle hem pileçi-kärendeçileriň yhlasly zähmeti, lebaply ýüpekçileriň maksatlaryna ynam bilen ýetjekdiklerine şaýatlyk edýär.