Ï Ýaponiýanyň hökümetiniň talyp hakly maksatnamalaryna arzalar kabul edilip başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaponiýanyň hökümetiniň talyp hakly maksatnamalaryna arzalar kabul edilip başlandy

view-icon 2265
Ýaponiýanyň hökümetiniň talyp hakly maksatnamalaryna arzalar kabul edilip başlandy

Ýaponiýanyň Bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnika ministrliginiň talyp hakly maksatnamalary üçin ýapon uniwersitetleriniň birinde arzalar kabul edilip başlandy.

Maksatnamana kärine ussat işgärleri taýýarlamak maksady bilen amala aşyrylýar. Okuwa kabul edilenler Ýaponiýada hökmany ýapon dili boýunça taýýarlyk okuwyny geçerler.

Şu maksatnamalara gatnaşmak üçin bakalawr derejesi bolan talyplardan, ylmy barlag alyp barýan talyplardan (aspirantura), tehnologiýa kollejiniň talyplaryndan (hünärmen mekdebi), ýöriteleşdirilen kollejiň talyplaryndan (ýöriteleşdirilen okuw kolleji derejesi) arzalar kabul edilýär.

Ýazuwdan synaglar ýapon we iňlis dillerinde geçirilýär.

Arzalar 2024-nji ýylyň 7-nji iýunyna çenli kabul edilýär.

Maksatnama, şol sanda hünärleriň sanawy, resminamalaryň talaplary we doldurylmaly resminamalar barada giňişleýin maglumatlar Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň saýtynda ýerleşdirilendir.