Ï «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» bäsleşiginiň III möwsüminiň ýeňijileri belli boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» bäsleşiginiň III möwsüminiň ýeňijileri belli boldy

view-icon 3349
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» bäsleşiginiň III möwsüminiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly taslamasynyň III möwsüminiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşik ýurdumyzyň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda bu ýokary okuw mekdep we onuň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan geçirilýär.

Ýokary okuw mekdebiň uly taslamasynyň jemleýji tapgyrynda ýarym final bäsleşikleriň ikisiniň ýeňijileriniň sekizisi çykyş etdi. Şolaryň arasynda jemleýji duşuşykda baýrakly orunlar mynasyp bolanlara berildi.

Bäsleşigiň baş baýragyny Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Aýlar Jumaýewa eýeledi.

I orna Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Resul Baýmyradow mynasyp boldy.

II orna bäsleşige gatnaşyjylaryň ikisi – Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Jeýhun Hojageldiýew hem-de Lebap welaýatynyň Kerki etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Gülaýym Bakyýewa mynasyp boldular.

III orun Aşgabat şäherindäki 108-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Güljemal Orazowa, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Müsür Gutlymyradowa, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Aýmyrat Kakaýewe we Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Medine Myratberdiýewa berildi.

Jemleýji duşuşyk «Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty – umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy» diýen tema bagyşlandy. Taslamanyň tutuş III möwsüminiň Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli adybir şygar astynda geçendigini ýatladýarys.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň eminler topary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alym kätibi, taryh ylymlarynyň kandidaty Kakajan Janbekowdan, Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýasy kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Garaýewden hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Türkmenistanyň taryhy we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty Jepbarguly Hatamowdan ybarat boldy.

Institutyň maslahatlar zalynda ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» bäsleşiginiň III möwsüminiň Baş baýragynyň eýesine arzyly Göçme kubok gowşuryldy. Ýeňijiler ýurdumyzyň DIM-niň HGI-niň Hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de taslamanyň birnäçe hemaýatkärleriniň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglandylar. Hemaýatkärleriň hatarynda TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty, Türkmenistanyň Ýaýdan ok atmak boýunça milli federasiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, şeýle hem ýurdumyzyň «Abadan haly», «Aýdyň gijeler», «Muhammet Balkan», «Ýedi Dogan», «Düwmejik», «Balşeker», «Şerbetli Ak Gar», «Röwşen» we «Ak Menzil» hususy kärhanalary bar.

Türkmen teletomaşaçylary 2023-2024-nji okuw ýylynyň «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» bäsleşiginiň III möwsüminiň tamamlanmagy mynasybetli ýokary okuw mekdepde geçirilen final duşuşygyna we dabaralara ýakyn günlerde «Miras» milli teleýaýlymynda seredip bilerler. Bu teleýaýlym taslamanyň hemişelik hemrasyna öwrüldi. 

Asylly däbe görä, sylaglanyş dabarasy tamamlanandan soň, institutyň baş binasynyň öňünde bäsleşigiň ýeňijileri parahatçylygyň, dostlugyň, erkinligiň we hoşniýetliligiň nyşany hökmünde ak kepderileri asmana uçurdylar.