Ï Arkadag şäherinde «TESC-2024» Halkara ylmy maslahat geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arkadag şäherinde «TESC-2024» Halkara ylmy maslahat geçiriler

view-icon 2241
Arkadag şäherinde «TESC-2024» Halkara ylmy maslahat geçiriler

5-nji we 6-njy iýunda Arkadag şäherinde «Uglewodorod känlerini işläp taýýarlamagyň energetika geljegi, täze tehnologiýalary we ekologiýa jähtleri» atly Halkara ylmy maslahat (TESC-2024) geçiriler.

Çärede nebitgaz pudagynyň öňdebaryjy hünärmenleri, alymlar we halkara guramalarynyň wekilleri energetikanyň geljegi bilen baglanyşykly wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşar.

Türkmenistan ekologiýa meselelerine, hususan-da, nebit we gaz ýataklary özleşdirilende metanyň we onuň bilen ugurdaş gazyň zyňyndylaryny azaltmaga aýratyn ähmiýet berýär.

Maslahatyň maksady – Türkmenistanyň döwlet guramalary bilen daşky gurşawy goramak we ýaşyl geljege gönükdirilen iri energetika kompaniýalarynyň, akademiki jemgyýetler we maliýe edaralarynyň arasynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdyr.

«TESC-2024» nebitgaz tehnologiýalary pudagyndaky täze ylmy işler bilen tanyşdyrmakda, uglewodorod baýlyklaryny tygşytly ulanmak we energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça tekliplerin taýýarlamakda möhüm meýdança bolar. Şeýle hem forum işewürlik, ylym we döwlet edaralarynyň wekilleriniň arasynda işewür gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam eder.

Çäräni Türkmenistanyň milli energiýa kompaniýalary «Türkmen forum» we «GaffneyCline» britan kompaniýasy bilen bilelikde guraýar.

Maslahat göni we onlaýn görnüşde geçiriler. Oňa gatnaşjaklar häzirki wagtda guramaçylaryň saýtynda hasaba alynýar.