Ï Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «Açyk gapylar» gününi geçirýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «Açyk gapylar» gününi geçirýär

view-icon 3152
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «Açyk gapylar» gününi geçirýär

20-nji maýda sagat 15:00-da Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti dalaşgärleri «Açyk gapylar» gününe çagyrýar.

Şol gün paýtagtymyzdaky uniwersitet geljekki 2024-2025-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýänleriň ählisi – mekdepleriň, orta hünär okuw mekdepleriň uçurymlary, okuw merkezleriň diňleýjileri, ýaş raýatlar, harby gullugy geçýänler, önümçilikde zähmet çekýänler hem-de ýokary okuw mekdebiň talyplarynyň hataryna goşulmak isleýän beýleki ýaşlar üçin gapylaryny giňden açar.

Uniwersitetiň myhmanlary üçin baý mazmunly tanyşdyryş maksatnamasy taýýarlanyldy. Onuň kömegi bilen uniwersitete gelýänler ýokary okuw mekdebiň gyzykly durmuşy, onuň okuw maksatnamalary, taýýarlygyň bakalawr we magistr ugurlary, bu ýerde geçirilýän okuw hem-de ylmy işler barada giňişleýin hem-de doly maglumatlary alyp bildiler.

Geljekki dalaşgärler döwrebap okuw binalaryna we talyplaryň oňaýly ýaşaýyş jaýlaryna, ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen ders otaglaryna we barlaghanalara, «Oguz han» ylmy-tehnologiýalar merkezine, ýokary okuw mekdebiň kitaphanasyna, sport-sagaldyş toplumyna baryp görerler. Şolarda netijeli okamak hem-de talyplaryň wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin hemme zerur şertler döredilendir.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Köşi köçesiniň 100-nji jaýy.

Telefon belgileri: 39-16-37; 39-16-40.