Ï Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti «BMG-niň nusgasy» görnüşinde talyplaryň bäsleşigini geçirer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti «BMG-niň nusgasy» görnüşinde talyplaryň bäsleşigini geçirer

view-icon 2548
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti «BMG-niň nusgasy» görnüşinde talyplaryň bäsleşigini geçirer

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti (HYYweÖU) «Birleşen Milletler Guramasynyň nusgasy» bäsleşigine gatnaşmak üçin haýyşnamalary kabul etmegi dowam edýär. Bäsleşik Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «BMG: halkara parahatçylygy we ynanyşmak» diýen temasy boýunça geçirilýär.

Bäsleşik şanly waka – BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde kabul edilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Türkmenistanyň başlangyjy esasynda taryhy Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli guralýar.

Bäsleşik Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde 28-nji maýda göni gatnaşmak arkaly iňlis dilinde geçiriler. Talyplaryň çykyş etjek mejlisiniň gün tertibine Durnukly ösüş maksatlary hem-de Energetika howpsuzlygy temalaryna degişli meseleler giriziler.

Bäsleşigiň öňýanynda, 27-nji maýda guramaçy ýokary okuw mekdep talyplar üçin «BMG-niň nusgasy» bäsleşigini geçirmegiň düzgünleri we iş tertibi, şeýle hem onuň mazmuny we gatnaşyjylaryň wezipeleri bilen baglanyşykly deslapky okuw maslahatyny geçirer.

Bäsleşigiň ýeňijileri oňa gatnaşyjylaryň özleriniň ses bermegi arkaly kesgitleniler hem-de üç ugurlar: «Iň oňat dilewar», «Iň oňat alypbaryjy» we «Tomaşaçylaryň saýlany» diýen ugurlar boýunça yglan ediler.

Bäsleşikde öz güýjüni synamak isleýän talyplar Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň saýtynda bellige alyş sowalnama doldurmalydyrlar. Bellige almak işleri 21-nji maýa çenli dowam eder. Goşmaça maglumatlary (+993 12) 39 85 64; (+993 63) 40 22 30 telefon belgiler hem-de arslancharyev17@sanly.tm elektron salgy boýunça alyp bolar.

Bäsleşigiň geçirilmegi ýaşlaryň BMG-niň alyp barýan işlerini, ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny, eýerýän ýörelgelerini we daşary syýasy strategiýasyny has çuňňur öwrenmäge bolan gyzyklanmalaryny we höweslerini artdyrmaga, şeýle hem talyplaryň BMG-niň resmi dilleriniň biri bolan iňlis dilinde pikirlenip we sözlemek başarnyklaryny ösdürmäge hem-de has zehinli we ukyply talyplary ýüze çykarmaga gönükdirilendir.