Ï Ylymlar güni mynasybetli halkara ylmy maslahat geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ylymlar güni mynasybetli halkara ylmy maslahat geçiriler

view-icon 3337
Ylymlar güni mynasybetli halkara ylmy maslahat geçiriler

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda «XXI asyrda ylym we bilim» atly halkara ylmy onlaýn-maslahaty geçiriler.

Institut tarapyndan Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guraljak ylmy forum 7-nji iýunda geçiriler.

Maslahat «Ylmyň häzirki zaman ugurlary we olaryň ösüşi» (informatika, biologiýa, himiýa we ynsanperwer ylymlar) hem-de «Ýaş nesilleri okatmagyň häzirki zaman tehnologiýalary» (pedagogika, psihologiýa, okatmagyň usulyýeti – okatmagyň innowasion tehnologiýalary) diýen iki ugur boýunça geçiriler.

Forumyň çäklerinde tematiki ugurlar boýunça türkmen we daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň görnükli alymlary, professorlary, dosentleri, mugallymlary, doktorantlary we aspirantlary hasabatlar hem-de ylmy maglumatlar bilen çykyş ederler.

Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň arasynda informatika – sanly bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalar, biologiýa – biotehnologiýalar we olaryň gazananlaryny bilim ulgamyna ornaşdyrmak, himiýa – himiki tehnologiýalar, olaryň önümçilikde, durmuşda we bilim ulgamynda eýeleýän orny, zoologiýa, pedagogika, psihologiýa, okatmagyň usulyýeti ýaly temalar hem-de beýleki ynsanperwer ylymlar boýunça pikir alyşmalar meýilleşdirilýär.

Forumyň çäklerinde, şeýle hem bilim, pedagogika hem-de okatmagyň usulyýetine innowasion bilim tehnologiýalarynyň käbir derslerini işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak baradaky möhüm meseleler boýunça ylmy maslahatlar geçiriler.

«XXI asyrda ylym we bilim» atly halkara ylmy maslahaty Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň alyp barýan ylmy-barlag işleriniň netijeleri bilen tanyşdyrmagy, ylmy-barlag işlerini geçirmekde tejribe alyşmak üçin şertleriň döredilmegini maksat edinýär. Şeýle hem forumyň dowamynda ýaş alymlaryň ylmy-barlaglarynyň netijelerine bilelikde baha bermek, ylmy häzirki zaman ugurlaryndaky açyşlar bilen tanyşdyrmak, döwrebap bilim tehnologiýalaryny işläp taýýarlamakda gazanylanlary öwrenmek hem-de halkara ylmy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ylmy maslahatyň baş maksatlarynyň hatarynda durýar.

Geçiriljek çäre baradaky giňişleýin maglumatlar institutyň saýtynda ýerleşdirildi.