Ï Kiberhowpsuzlyk boýunça hünärmenleri taýýarlamakda tagallalar birleşdirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kiberhowpsuzlyk boýunça hünärmenleri taýýarlamakda tagallalar birleşdirilýär

view-icon 1904
Kiberhowpsuzlyk boýunça hünärmenleri taýýarlamakda tagallalar birleşdirilýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Agentligi «Sanly Bilim» bilim merkezi bilen hyzmatdaşlykda IT pudagy hünärmenleri üçin kiberhowpsuzlyk okuwyny başlady.

Bu başlangyç, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň kiberhowpsuzlyk ugrundaky başarnyklaryny we bilimlerini ýokarlandyrmaga, bilim edaralarynyň bu ugurda ýokary hilli okuw meýilnamalaryny hödürlemek mümkinçiliklerini güýçlendirmäge gönükdirilendir.

Üç aýyň dowamynda, gatnaşyjylar operasiýa ulgamynyň howpsuzlygynyň, web howpsuzlygynyň, kriptografiýanyň çylşyrymlylyklary bilen tanyşarlar we howpy ýüze çykarmak we hadysalara garşy göreş, giriş gözegçiligi we şahsyýeti dolandyrmak aýratynlyklary bilen tanşarlar.

Mundan başga-da, okuwyň dowamynda gatnaşyjylar özleriniň kiberhowpsuzlyk taslamalaryny, başlangyçlaryny ösdürerler we durmuşa geçirerler.