Ï Türkmenistanda maýa goýumlar innowasion häsiýete eýe bolýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda maýa goýumlar innowasion häsiýete eýe bolýar

view-icon 3125
Türkmenistanda maýa goýumlar innowasion häsiýete eýe bolýar
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow, Jepbarguly Garaýew

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň maýa goýum forumy hem-de ugurdaş sergi, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat, “HI-TECH Türkmenistan — 2024” atly sergi öz işine başlady. Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň hem-de Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän giň gerimli işewürlik çäreleriniň gün tertibine ýurdumyzda iri taslamalary durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Forumyň işine dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň, ylmy merkezleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşýarlar. Şeýle hem maslahata türkmen tarapyndan ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maýa goýum forumynda sanly ulgam arkaly çykyş etmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Döwlet Baştutanymyz foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, hemmeleri berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ak şäherimiz Aşgabatda geçirilýän Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatyň hem-de ugurdaş sergileriň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Türkmenistanda halkara maslahatlary, sergileri, festiwallary, işewürlik duşuşyklaryny geçirmegiň asylly däbe öwrülendigini belläp, milli ykdysadyýetimize iri möçberli maýa goýumlary çekmekde, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde bu çäreleriň uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, durnukly ykdysady ösüşi gazanmak biziň baş maksadymyz bolup durýar. Şoňa görä-de, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan maksatnamalarymyz üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistanda iri maýa goýum taslamalary durmuşa geçirildi. Şolaryň arasynda Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisini, Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawody, Balkan welaýatynda polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny hem-de «Garabogazkarbamid» zawodyny görkezmek bolar.

Ertir Türkmenistanyň öz maýa goýum serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýan uly möçberli taslamanyň — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüni tutmak we işe girizmek dabaralarynyň geçiriljekdigini belläp, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň halkara üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek ugrunda netijeli işleri alyp barýandygyna ünsi çekdi.

Ýurdumyzyň nebitgaz toplumy hem-de energetika pudagy döwrebap ösdürilýär, sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylýar. Diýarymyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bolan Günden we ýelden elektrik energiýasyny almagyň taslamalary durmuşa geçirilýär. Şeýle hem ýokary tehnologiýalara esaslanýan, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge gönükdirilen giň gerimli maýa goýum taslamalarymyz bar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we foruma gatnaşyjy daşary ýurtly wekilleri Türkmenistanda nebitgaz, himiýa, energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalyk pudaklarynda durmuşa geçirilýän taslamalara gatnaşmaga çagyrdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz çykyşynyň ahyrynda hemmeleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda geçirilýän bu halkara çäreleriň öz işine başlamagy bilen ýene bir gezek gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiziň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.

Soňra maýa goýum forumyna gatnaşyjylar bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli sergi bilen tanyşdylar. Sergide sanly ulgam arkaly beýan edilýän maglumatlar we önümleriň köpdürlüligi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň eksport mümkinçiliklerini, daşary ýurt maýadarlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitmäge bolan gyzyklanmalaryny artdyrmak, halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli işjeňleşdirmek ugrunda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny giňden görkezýär. Gözden geçirilişiň çäginde Türkmenistan bilen köp ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edýän, ýurdumyzda bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýan daşary ýurt kompaniýalarynyň hem öz mümkinçiliklerini, önümlerini görkezýändiklerini bellemek gerek.

Forumyň umumy mejlisinde, ilki bilen, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary T.Molçan sanly ulgam arkaly çykyş etdi. Ol kuwwatly ykdysadyýeti bolan Türkmenistanda geçirilýän giň möçberli forumda çykyş etmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, häzirki döwürde durmuş-ykdysady ösüş üçin gönükdirilýän maýa goýum serişdeleriniň parahatçylygyň we abadan geljegiň kepilidigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, her bir ýurduň ykdysady taýdan durnukly ösüşiniň parahatçylygy, howpsuzlygy, sazlaşykly ösüşi pugtalandyrmagyň möhüm şertidigini köp ýyllaryň tejribesi subut etdi. Türkmenistanda hemmetaraplaýyn ösüşiň üpjün edilmegine, tutuş sebit ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly gyzyklanma bildirilmegi we ykdysadyýete maýa goýumlaryň çekilmegi ýurduň ykdysady taýdan kuwwatlanmagynda bolşy ýaly, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmeginde-de aýratyn ähmiýete eýedir.

BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko maýa goýum forumynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi. Onuň belleýşi ýaly, durnukly ösüşe maýa goýumlaryň gönükdirilmegi bagtyýar durmuşyň berkarar edilmegine ýardam berýär. Maýa goýum maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi sazlaşykly ösüşiň baş şertini emele getirýär. Şunda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýetlidigini bellemek gerek. Birleşen Milletler Guramasy Bitarap Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda edýän tagallalaryna ýokary baha berýär. Munuň özi ýurduň Hökümetiniň Birleşen Milletler Guramasy bilen durnukly ösüş ulgamynda ýola goýýan gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär.

Soňra German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory M.Harms Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynda bolup, halkara ähmiýetli çärä gatnaşmagyň özi üçin belent mertebedigini aýtdy. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini bellemek gerek. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideriniň öňe süren başlangyçlarynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň oýlanyşykly syýasaty netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Daşary ýurt maliýe borçnamalarynyň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi ýurdumyzda maýa goýum syýasatynyň ygtybarly häsiýete eýediginiň möhüm görkezijileriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan maýa goýum mümkinçiliklerini üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, halkara söwda ulgamynda birek-birege hormat goýmak, deňlik, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşýär.

Türkmenistan bilen ýangyç-energetika pudagynda köp ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edýän “PETRONAS” kompaniýasynyň ösüş boýunça wise-prezidenti H.Kassim öz çykyşynda halkara ähmiýetli forumyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi we onuň çäklerinde özara tejribe alyşmak, gatnaşyklary ýola goýmak babatda döredilen mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen hem-de kuwwatly ykdysadyýeti bolan Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalarynyň we maýadarlaryň netijeli iş alyp barmaklary ugrunda ähli zerur şertler bar. Bu bolsa işjeň gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginde, bilelikdäki taslamalaryň ýokary derejede amala aşyrylmagynda ähmiýetlidir.

Mejlisiň dowamynda Ýaponiýanyň “Nippon Eхport Investment Insuranсe” agentliginiň başlygy we baş ýerine ýetiriji direktory A.Kuroda sanly ulgam arkaly çykyş edip, Türkmenistanyň gözel paýtagtynda geçirilýän maslahatda çykyş etmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmeginiň esasy wezipeleriniň biri bolan maýa goýum syýasaty häzirki döwürde tutuş dünýä ähmiýetli ugurlaryň birine öwrüldi. Munuň özi ykdysady ösüş bilen bir hatarda, parahatçylygyň, howpsuzlygyň, halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmeginde-de möhümdir. Ykdysady ösüşe gönükdirilýän maýa goýum serişdeleri ählumumy gün tertibiniň möhüm wezipeleriniň üstünlikli çözülmeginiň baş şertini emele getirýär diýip, A.Kuroda belledi we mejlise gatnaşyjylara üstünlik arzuw etdi.

Russiýa Federasiýasynyň ykdysady ösüş ministriniň orunbasary D.Wolwaç çykyşyny giň gerimli halkara foruma gatnaşmaga iberilen çakylyk üçin hoşallykdan başlady. Häzirki döwürde ýurtlaryň arasynda eksport amallarynyň durmuşa geçirilmegi, maýa goýum maksatnamasynyň amala aşyrylmagy wajyp ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi diýip, myhman sözüni dowam etdi. Dünýäde işewürligiň, dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen birlikde, maýa goýum strategiýasynyň işjeň häsiýete eýe bolmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýa boýunça maksatnamasynyň ýolbaşçysy we esasy ykdysatçysy D.Naýt Türkmenistanda geçirilýän foruma gatnaşmaga iberilen çakylyk we türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, şeýle halkara çäreleriň geçirilmeginiň ählumumy ösüş maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň kepilidigini nygtady. Türkmenistanda häzirki zaman deňiz portunyň işe girizilmegi, awtomobil, demir ýollaryň durkunyň täzelenilmegi, howa menzilleriniň işiniň kämilleşdirilmegi bu ýurtda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde bolşy ýaly, Türkmenistanyň halkara derejeli üstaşyr ulag geçelgesi hökmünde eýeleýän derejesini hem pugtalandyrýar. Şunda maýa goýum maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenmegine şert döredýär.

BMG-niň Ösüşi utgaşdyrmak boýunça edarasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory G.Son sanly ulgam arkaly çykyş edip, halkara forumyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanda geçirilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, ýurtda maýadarlaryň netijeli işlemekleri üçin ygtybarly hukuk binýady döredildi. Bu bolsa Türkmenistanda maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň, işewür düzümleriň sanynyň artmagyny şertlendirýär.

BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary H.Toda mejlisde sanly ulgam arkaly çykyş edip, köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň BMG we onuň düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini nygtady. Şeýle-de ol maýa goýum forumynyň ykdysady, durmuş taýdan sazlaşykly ösüş babatda aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. Ählumumy maýa goýum maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurduň eksport kuwwatyny artdyrmaga, üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga we degişli ugurlar boýunça özara tejribe alşylmagyna giň ýol açýar. Munuň özi häzirki döwrüň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Halkara forumyň dowamynda türkmen tarapynyň wekilleri hem çykyş etdiler. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, maýa goýum işini alyp barmak üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şeýle hem çykyşlarda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini häsiýetlendirýän soňky ýyllaryň makroykdysady görkezijileri mysal getirildi. 2023-nji ýylyň, 2024-nji ýylyň birinji ýarymynyň netijeleri boýunça ykdysady ösüş 6,3 göterim derejesinde saklandy. Munuň özi köp babatda haryt öndürýän pudaklaryň önümçiligini ýokarlandyrmak arkaly üpjün edildi.

Ähli ulgamlary öz içine alan hem-de yzygiderli häsiýete eýe bolan düýpli özgertmelere aýratyn üns çekildi. Olar «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” ýaly uzak möhletleýin hem orta möhletleýin strategiýalarda kesgitlenen görkezijilere ýetilmegine gönükdirilendir. Öňde goýlan maksatlaryň amal edilmegi maýa goýum strategiýasy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Esasy maýa maliýe serişdelerini çekmek, olaryň innowasiýalaryň ösdürilmegine, ýokary goşmaça bahaly önümçilige, adam maýasyna, ýurdumyzyň ekologik we durmuş-ykdysady howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam berýän ulgamlara gönükdirilmegi bu strategiýanyň esasy wezipesidir.

Mejlisiň dowamynda maýa goýum mümkinçiliklerini has doly açmagyň ýollary, ýurdumyzy senagat, ylmy-tehnologik, durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi höweslendirmegiň gurallary barada netijeli pikir alyşmalar boldy. Foruma gatnaşyjylar şu gezekki halkara çäräniň geçirilmeginiň dünýä giňişliginde özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezen Türkmenistanyň abraýyny täze derejä çykarýandygyny bellediler.

Halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, olaryň barşynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak üçin geljegi uly ugurlar kesgitlenildi.

Soňra forum bölümçelerde öz işini dowam etdi.

***

Şu gün Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň we ugurdaş sergileriň çäklerinde Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat hem-de sergi öz işine başlady. Iki günläp dowam etjek wekilçilikli forum Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilik, ykdysady ösüş, abadançylyk ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň üstünliklerini açyp görkezmäge gönükdirilendir.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanan sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, häzirki wagtda Türkmenistanda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna dünýäniň ykdysady giňişliginde üstünlikli ulanylýan öňdebaryjy tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Bu, öz gezeginde, dünýä bileleşiginde, ilkinji nobatda, türkmen tarapy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän goňşy we alysdaky ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekillerinde uly gyzyklanma döredýär. Şu gezekki foruma gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi munuň aýdyň güwäsidir. Olaryň arasynda ýurdumyzyň döwlet we hususy düzümleri, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary, hususan-da, ýokary tehnologik enjamlary öndürijiler we iberýänler, Koreýa Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden, Eýran Yslam Respublikasyndan, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Beýik Britaniýadan, Şwesiýadan we beýleki ýurtlardan ýokary tehnologiýalary, programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýjylar bar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we “Oguzabat” hojalyk jemgyýeti tarapyndan bilelikde guralan sergi öndürilýän önümler, hödürlenilýän hyzmatlar bilen tanyşdyrmak, uzak möhletli özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak üçin amatly meýdança öwrüldi. Giň gerimli sergi birnäçe bölümden ybaratdyr. Bölümleriň atlary olaryň tematiki ugruny kesgitleýär: Suw tygşytlaýjy tehnologiýalar; Maliýe tehnologiýalary; Bilim tehnologiýalary; Senagat tehnologiýalary; Elektron söwda; Ekologiýa we durnukly ösüş; Lukmançylyk we biotehnologiýa; “Akylly” şäher we gurluşyk; Ulag we logistika; Oba hojalyk we onuň tehnologiýalary; Energetika we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri; Maglumat tehnologiýalary we sanly geçiş.

Programma üpjünçiliginiň işläp taýýarlamalaryna, maglumat tehnologiýalary hyzmatlaryna, işewürlik hem-de döwlet edaralary üçin programma çözgütlerine bagyşlanan diwarlyklar ýygnananlarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Ykdysady ösüşi diwersifikasiýalaşdyrmagyň ýoluna düşen Türkmenistan sanly özgertmeleriň, ähli ulgamlara innowasiýalary çekmegiň işjeň tarapdary bolmak bilen, iň gowy dünýä tejribelerini öwrenmäge hem-de özleşdirmäge açykdygyny görkezýär. Hut şonuň üçin-de soňky ýyllarda kabul edilen döwlet maksatnamalarynda tutuş ýurdumyzda internete elýeterliligiň giňeldilmegine, öýjükli aragatnaşygyň hiliniň gowulandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Bu çäreler sanly hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berilýär. Telekommunikasiýalar we maglumat tehnologiýalary ulgamynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň döredilmegi munuň aýdyň mysalydyr. 2016-njy ýylda ýurdumyzda ýene bir ýokary okuw mekdebi — Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti öz gapylaryny giňden açdy. Onuň açylmagy milli ylmyň dünýä derejesine çykýandygyny alamatlandyrdy.

Şu ýylyň tomsunda halkara hukuk derejesine eýe bolan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky geljegi uly ylmy garaýyşlary durmuşa geçirmegiň badalga alýan ýerine öwrüldi. Merkeziň öňünde ylmy barlaglary toplumlaýyn ösdürmek, ýurdumyzyň alymlarynyň oýlap tapyşlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, innowasion önümleriň önümçiligini guramak hem-de durmuşa geçirilýän täzeçil taslamalara kiçi we orta telekeçiligi işjeň çekmek boýunça wezipeler goýlandyr. Alnyp barylýan döwlet syýasaty esasynda ýurdumyzyň telekeçileriniň ýokary tehnologiýalar bazaryny üstünlikli özleşdirip, iş ugurlaryny yzygiderli giňeldýändiklerini bellemek gerek.

Sergide döwlet düzümleri — ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň hususy kompaniýalary hem öz pawilýonlaryny ýaýbaňlandyrdy. Ählumumy sanly ykdysadyýete geçiş döwründe döwletimiziň yzygiderli goldawlary netijesinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary durmuşa geçirilýän innowasion taslamalara işjeň gatnaşýarlar. Sanly we innowasion tehnologiýalaryň merkezi, kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri türkmen gurluşyk kompaniýalary tarapyndan bina edildi. Bu şäheriň gurulmagy Türkmenistanyň ägirt ykdysady kuwwatyny, ylmy-tehniki ösüşiň belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygyny görkezýär.

Bu ýerde emele gelen şäher gurşawynyň esasy aýratynlygy onda ýaşamak, döredijilikli zähmet çekmek, dynç almak üçin iň aňrybaş oňaýly şertleriň döredilmegidir. Şunda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän sanly tehnologiýalara aýratyn orun degişlidir. “Geljegiň şäheri” diýlip atlandyrylmagyna doly esas berýän Arkadag şäheri durmuşyň ähli ulgamlaryna ýokary tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyny özünde jemlän ýurdumyzyň ykdysady we ylmy-tehnologik ösüşiniň aýdyň nyşany hökmünde Watanymyzyň täze taryhynyň şöhratly ýyl ýazgysyna girdi.

Innowasiýalary ornaşdyrmak babatda bilelikdäki işleriň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak günüň ikinji ýarymynda açylan Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatyň çäklerinde dowam etdi. Özara gyzyklanma eýe bolan dialoga gatnaşmak üçin ýurdumyzyň bilim we ylmy edaralarynyň ýolbaşçylary, jogapkär işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlar düzümi, daşary döwletleriň hem-de halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň, kompaniýalaryň, ugurdaş düzümleriň wekilleri çagyryldy.

Türkmenistanyň ykdysady ösüş meselelerine we maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanan umumy mejlisiň barşynda bellenilişi ýaly, ylym-bilim, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak alnyp barylýan giň gerimli işleriň kuwwatly hereketlendiriji güýji bolup çykyş edýär. Häzirki zaman ylmy-tehniki gazanylanlar, bilimler we innowasiýalar ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, milli ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylmagynyň, ähli ulgamlarda öňegidişligiň, dünýäniň syýasy, ykdysady, ylmy-medeni giňişliginde Bitarap Watanymyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň ygtybarly binýady bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe strategik wezipeleriň, maksatnamalaryň, iri taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde halkara talaplara laýyklykda, yzygiderli kämilleşdirilýän we ösdürilýän düýpli ylma aýratyn orun degişlidir.

Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, ýurdumyz gysga döwrüň içinde okgunly tehnologik ösüşi amala aşyrdy. Munuň özi ýokary tehnologiýalary, kompýuterleri ornaşdyrmagy we iň gowy dünýä tejribesini özleşdirmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitlän uzak möhletleýin durmuş-ykdysady maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmegiň netijesinde mümkin boldy. Türkmenistan ylym, tehnika, innowasion tehnologiýalar ulgamynda halkara düzümler, ylmy merkezler bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge hem-de bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga hemişe taýýardyr. Bu ugurda soňky ýyllarda halkara guramalar, hususan-da, BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyk bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi ýurdumyzyň durnukly ösmegine we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine itergi berýän döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga, sanly hyzmatlary ösdürmäge ýardam edýär.

Forumyň işi “Maýa goýum ýagdaýy we maliýe tehnologiýalarynyň geljegi: innowasiýalar, töwekgelçilikler we mümkinçilikler”, “Elektron hökümet, maglumat merkezi, innowasion tehnologiýalaryň ösüşi we “ýaşyl” energetika”, “Emeli aňyň täze döwri” atly bölümçelerde dowam eder. Şeýle hem GFR-iň «Rid Batteries GmbH», HHR-iň «Sinotruk International» we «Shantui» kompaniýalarynyň energetika, ýangyç-energetika toplumy, himiýa senagaty, suw hojalygy ýaly möhüm ugurlarda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri barada tanyşdyrylyş çärelerini guramak göz öňünde tutuldy. Forumyň guramaçylarynyň belleýişleri ýaly, türkmen alymlary we inženerleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan emeli aň ulgamyndaky täze taslamanyň tanyşdyrylyş dabarasy şu gezekki çäräniň esasy wakalarynyň biri bolar. Türkmenistanyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmakda möhüm tapgyryň özleşdirilendigini aňladýan bu taslama senagat we döwlet dolandyryşyň dürli ugurlaryna öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga ýurdumyzyň taýýardygyny görkezýär.

Forumyň ikinji gününde ýaş telekeçileri goldamaga we Türkmenistanda sanly ulgamy ösdürmäge gönükdirilen «Hi-Tech Startup Turkmenistan — 2024» atly bäsleşigiň jemi jemlener. Geljekde milli ykdysadyýetimize ornaşdyryp boljak programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak we oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek bäsleşigiň baş maksady bolup durýar. Ýeňijiler öz innowasion taslamalaryny ýurdumyzyň we daşary döwletleriň öňdebaryjy kompaniýalaryna hödürläp, maýa goýumlara, hyzmatdaşlyk maksatnamalaryna elýeterliligi gazanyp bilerler. Ertir bäsleşige gatnaşyjylara degişli diplomlar gowşurylar.