Ï Moskwada «Magtymguly we onuň dünýä medeniýetindäki orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Moskwada «Magtymguly we onuň dünýä medeniýetindäki orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

view-icon 3298
Moskwada «Magtymguly we onuň dünýä medeniýetindäki orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Şu ýylyň 28-nji oktýabrynda Russiýanyň Paşkow öýündäki döwlet kitaphanasynyň nota neşirleri we ses ýazgylary bölüminiň konsert zalynda Gündogaryň görnükli şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan garyşyk görnüşli «Magtymguly we onuň dünýä medeniýetindäki orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Bu çäre Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» atly VIII halkara sungat festiwalynyň çäginde Russiýanyň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde guraldy. Maslahatyň açylyşynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi E.M.Aýdogdyýew, Russiýanyň Döwlet kitaphanasynyň baş müdiri W.W.Duda we Nury Halmämmedow adyndaky Moskwa halkara sungat festiwalynyň direktory kompozitor M.S.Guseýnow çykyş etdi.

Ilçi E.Aýdogdyýewiň çykyşynda belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragy dünýä edebiýatynyň ägirtleriniň we görnükli taryhy şahsyýetleriniň aramgähine girdi. Bu düşünjeleriň, ýagny milli we umumadamzat düşünjeleriň birleşmegi Magtymgulynyň şygryýet döredijiliginiň we pelsepesiniň esasy aýratynlygyny emele getirýär. Magtymgulynyň beýik mirasy türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasyny kesgitledi. Onuň parahatlygyň, adalatyň, ynsanperwerligiň, dostlugyň, aç-açanlygyň we ähli halklara hormatyň goragynda çykyş eden sesi – bularyň hemmesi türkmen halkynyň nesilleriniň aňyna girip, adamzadyň bir bölegi hökmünde olaryň dünýägaraýşynyň özenine öwrüldi.

Russiýa Döwlet kitaphanasynyň baş müdiri W.Duda maslahata gatnaşýanlara we myhmanlara ýüzlenip, şeýle diýdi: «2024-nji ýylda ÝUNESKO-nyň şanly seneler sanawyna girmäge mynasyp bolan beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bütin dünýä giňden belleýär. Bu sütün şahyryň milli şygryýetiň, edebi diliň we Türkmenistanyň filosofik pikiriniň emele gelmegine goşan goşandyna artykmaç baha bermek mümkin däl, elbetde, biziň kitaphanamyz hem akyldar Magtymgula hatyra we hormatyny beýan etmän bilmedi».

Ilçi E.Aýdogdyýew Türkmenistanyň edebiýatyna, milli baýlygyna, medeniýetine we amaly sungatyna bagyşlanan köp sanly kitaby, şol sanda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan ýazylan birnäçe kitaby, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleri ýygyndysynyň ýubileý nusgalaryny rus döwlet kitaphanasyna sowgat hökmünde gowşurdy.

Açylyş dabarasynda Russiýanyň Halk artisti, kompozitor Kirill Wolkowyň beýik Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ruhuny özüne siňdiren sazly kompozisiýalary ýerine ýetirildi. Ýuriý Gordienkonyň terjime eden «Bilmedim» we Arseniý Tarkowskiniň terjime eden «Guwlar» eserleri «Dutaryň owazy» festiwalynyň buýurmasynda döredilip, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan saz-suratly ýygyndyda ýerleşdirildi. Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» halkara sungat festiwalynyň direktory, Russiýanyň Kompozitorlar bileleşiginiň agzasy Mämmet Guseýnow bu ýygyndynyň bir nusgasyny Russiýanyň döwlet kitaphanasyna sowgat etdi.

Maslahata Türkmenistan tarapyndan internet arkaly M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň sungat öwrenijileri, sazandalary we mugallymlary gatnaşdylar. TMK-nyň mugallymlary B.B.Ýakubowa, A.A.Açylow, G.Ýa.Ýazmämmedowa, L.Ç.Babaýewa, E.P.Osipowa Magtymgulynyň ady bilen baglanyşykly dürli meselelere: şahyryň döredijiligine wokal we simfonik saz arkaly ýüzlenmeden başlap, onuň goşgularyna düzülen aýry-aýry sazlary seljermek meselesine degip geçdiler. Türkmen hünärmenleriniň çykyşlary hem aýdym-saz hem-de şekiller bilen baýlaşdyryldy.

Russiýa tarapyndan RDK-nyň bölüm müdiri A.A.Semenýuk, Döwlet Tretýakow galereýasynyň sungatşynaslyk ylmynyň doktory S.S.Stepanowa, N.A.Rimskiý-Korsakow adyndaky Sankt-Peterburg sazçylyk hünär mekdebiniň mugallymlary N.A.Larionow we T.M.Solodkowa, Çeperçilik akademiýasynyň Merkezi sazçylyk mekdebiniň mugallymy F.I.Amosow, rus-türkmen Margiana arheologik ekspedisiýasynyň başlygy N.A.Dubowa ýaly Magtymguly Pyragynyň janköýerleri we muşdaklary maslahata huzury görnüşde we internet arkaly gatnaşdylar.

Russiýa Döwlet kitaphanasynyň nota neşirleri we ses ýazgylary bölüminiň müdiri Alla Semenýuk maslahata we festiwala gatnaşanlaryň tanyşmagynyň möhümdigini tassyklady: «... nota neşirleri we ses ýazgylary bölüminiň şeýle baý goruny saklaýan gaznalarynda D.Owezow, W.Ahmedow, W.Muhadow, Ç.Nurymow, N.Halmämmedow, R.Gutlyýew, A.Kulyýew (XX asyr) ýaly kompozitorlaryň Magtymgulynyň goşgularyna ýazan aýdym-saz ýygyndylary saklanýar. Ol RDK-da Magtymgulynyň sözlerine B.Uderbaýewa, T.Doşumowa, N.Meredow, S.Hojaýew, A.Çaryk, M.Ahmedow ýaly meşhur aýdymçylaryň we halk bagşylarynyň milli saz gurallarynda, şeýle hem «Güneş», «Ýalla» wokal-instrumental ansambllary we başga-da kän aýdymçylar tarapyndan ýerine ýetirilen eserleriniň ses ýazgylarynyň bardygyny belläp geçdi. Ses ýazgylary Moskwadaky «Melodiýa» kompaniýasy we Daşkentdäki M.T.Taşmuhamedow adyndaky grammofon ýazgysy studiýasy tarapyndan amala aşyrylypdyr.

Rus antropology we arheology, taryh ylymlarynyň doktory Nadežda Dubowa türkmen halkynyň medeniýetiniň taryhyna täzeçe göz aýlamaga mümkinçilik berýän özboluşly gollanmalary görkezdi. Nadežda Anatolýewna Magtymguly Pyragynyň öz döredijiliginde müň ýyllyk taryhy bolan türkmen halkynyň baý medeniýetine doly daýanandygyny ynandyryjy suratda görkezdi. Ýazuw ýok wagty, adamlar dünýä baradaky düşünjelerini möhürlerde we beýleki zatlarda şekil görnüşinde beýan edipdirler. Biz şolar boýunça gadymy adamlaryň bilip-biljek zatlary, näme hakynda aýdym we saz düzüp biljekdikleri barada düşünje alyp bilýäris.

Ol Türkmenistanyň dünýä belli, 4000 ýyl mundan ozal bar bolan ýadygärligi Goňurdepeden çykan täze tapyndylary mysal getirdi. Ol tapyndylaryň arasynda bir aý öň tapylan bürünç möhüriň şekilini görkezdi. Onda iki sany griff şekillendirilipdir, biriniň arkasynda ýarym aý, ikinjisiniň arkasynda bolsa üç sany nokat bar. Munuň türkmenleriň «Üç ýyldyz» diýip atlandyrýan ýyldyzlar toparynyň birini şekillendirýän bolmagy mümkin. Eger hünärmenler bu çaklamany tassyklasalar, bu tapyndynyň Türkmenistanyň çäginde tapylan ýyldyz şekilli ilkinji möhürdigini aýdyp bolar. Bu bolsa türkmenleriň eždatlarynyň baryp-ha 4000 ýyl mundan ozal astronomiýany bilendiklerine subutnama bolar.