Ï Köýtendagyň täsinliklerini özünde jemleýän muzeý
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Köýtendagyň täsinliklerini özünde jemleýän muzeý

view-icon 1515
Köýtendagyň täsinliklerini özünde jemleýän muzeý

Berkarar Diýarymyzda dünýä medeniýetiniň bir bölegine öwrülen milli mirasymyzy öwrenmek, gorap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek, dünýä çykarmak boýunça tutumly işler alnyp barylýar. Bu babatda medeniýet ulgamyna, hususan-da, ýurdumyzda hereket edýän muzeýlere aýratyn orun degişlidir. 

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriniň ençemesi hereket edýär. Şolaryň biri hem 1997-nji ýylyň 28-nji awgustynda Köýtendag etrabynda döredilen we şol ýylyň 1-nji sentýabrynda işe girizilen Köýtendag etrap Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýidir. Bu muzeý ýurdumyzyň dürli künjeginden, daşary ýurtlardan Köýtendagyň täsinliklerini synlamaga, şypaly goýnunda dynç almaga gelýän myhmanlar üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Köýtendagyň dünýäniň hiç bir ýerinde gabat gelmeýän täsinliklerini, Jeýhun derýasynyň sag kenarynyň özboluşly taryhyny, bu sebitiň ilatyna mahsus däp-dessurlaryny, aýratynlyklaryny açyp görkezmek bu muzeýiň işgärleriniň baş maksadydyr. 

Köýtendag etrap Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde 3 sany – Etnografiýa, Arheologiýa hem-de Tebigat bölümleri hereket edýär. Muzeýiň Arheologiýa bölüminde Amyderýanyň sag kenarynda ýaşaýan ilatyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan taryhyny, medeniýetini, ýaşaýyş-durmuşyny, däp-dessuryny, milli mirasyny açyp görkezýän taryhy tapyndylar görkezilýär. Olaryň arasynda Köýtendag etrabynyň çäginden tapylan adamzat durmuşynyň irki döwürlerine degişli daş asyrynyň tapyndylaryndan başlap, XX asyryň başlaryna çenli bolan dürli muzeý gymmatlyklary ýerleşdirilipdir. Bu bölümde dürli ýyllaryň dowamynda sebitde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan irki we orta asyrlara degişli palçykdan ýasalan dürli heýkeljikler, küýze önümleri bar. Bulardan başga-da Arheologiýa bölüminde has irki döwürlere degişli daşdan ýasalan ýaraglar, dürli döwürlere degişli teňňe we kagyz pullar, küýzegärlik sungaty barada gyzykly maglumatlar berýän keramiki gaplar goýlupdyr. Köýtendagyň Köýten obasyndaky «Mulzam ata», Bazardepe obasyndaky «Monjukdepe-II», Garlyk obasyndaky «Tylladepe», «Handepe», «Küldepe», “Pultapdy depe”, Gurşun magdany şäherçesindäki «Monjukdepe-I» arheologik ýadygärlikleri barada giňişleýin maglumatlar berýän dürli suratlar we çyzgylar ýerleşdirilen diwarlyklar hem bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekýär. 

    Muzeýiň Etnografiýa bölüminde halkymyzyň gadymy ýaşaýyş durmuşyny, edim-gylymlaryny, urp-adatlaryny, däp-dessurlaryny özünde jemleýän, asyrlaryň dowamynda kämilleşip, inçeden sünnälenilip ýaslan amaly-haşam işleri, umuman, sungatyň dürli görnüşleri, maddy we medeni gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Bu zalda türkmen halkynyň irki döwürlerden bäri dowam edip gelýän ekerançylyk, maldarçylyk, senetçilik, dokmaçylyk sungaty hem-de müňýyllyklaryň dowamynda öz şöhratly taryhyny döreden türkmen durmuşyny beýan edýän ekspozisiýalar görkezilipdir. Şeýle-de bu bölümde gözbaşyny örän irki döwürlerden alyp gaýdýan milli saz gurallarymyz, senetçilik, sebitiň ýaşaýjylarynyň aýratynlygyny görkezýän amaly-haşam ugurlaryna degişi muzeý gymmatlyklary bar. Muzeýde türkmen maşgalasyna mahsus bolan öý goşlaryny özünde jemleýän türkmeniň ak öýi hem bu ýere gelýänlerde uly gyzyklanma döredýär. Bu ýerde ýerleşdirilen Köýtendag sebitine mahsus milli eşikler, bezegler hem ünsüňi özüne çekýär. Gurply maşgalalardaky orta ýaşdan agan aýallaryň dakynýan, dürli reňkli monjuklardan 10 hatara çenli düzülip ýasalan şaý-sepleriň biri hem nesilden nesle geçip gelen «haramatdyr». Gyzykly ýeri XIII-XIX asyrlara degişli bolan «haramatyň» häzirki wagtda hem seýregrägem bolsa, etrabyň Hojapil, Leýlimekan obalarynda gartaşan aýallaryň bu bezeg şaýyny dakynýanlygydyr. Muzeý gymmatlyklarynyň arasynda ýerleşdirilen ýene-de bir täsin miras – gyzlaryň durmuşa çykanda öz ýany bilen alyp gidýän, Köýtendag sebitinde «bugjama» diýlip atlandyrylýan elbukjasydyr. «Bugjama» taýýarlananda 6-8 metr elwan mata bölünip alnypdyr we onuň 1 metr bölegine dürli reňklere boýalan ýüpekden nagyş salnypdyr. «Bugjama» zenan maşgalanyň mertebesi saýylyp, ol mukaddes hasaplanypdyr. «Bugjamanyň» ýene-de bir aýratynlygy gyzlaryň durmuşa çykan wagtyndan tä garraýançalar ony aýawly, tämiz saklaýandyklarydyr hem-de onuň ýuwulmaýanlygydyr. Bu ýerde öňden gelýän däbe görä zenan maşgala ýaşy birçene baryp, dünýäsini täzelände ol özüniň «bugjamasyna» dolanypdyr.

Muzeýiň Tebigat bölüminde Köýtendag tebigy döwlet goraghanasynyň çäginde ýerleşýän goralýan ösümlikler, haýwanlar, şeýle hem mineral daşlar hem-de sebitiň beýleki täsinlikleri görkezilipdir. Özüniň syrly gowaklary, dereleri, dürli görnüşli tebigy baýlyklary bilen özüne kerem-keramatly diýdirýän Köýtendag ata-babalarymyzyň «Gudrat görseň daglara bar» diýen pahimini bada-bat ýadyňa salýar. Hakykatdan-da Köýtendagyň goýnuna aralaşyp, onuň müňläp-millionlap ýyllaryň döreden tebigy täsinliklerine nazar salanyňda pederlerimiziň müň kerem mamladygyna göz ýetirýärsiň. Köýtendagdaky täsinligi we gözelligi bilen haýrana goýýan dereler, dünýäde örän seýrek gabat gelýän, 140-150 million ýyl mundan ozal ýaşap geçen dinozawrlaryň yzlary, Köýten köli, dagyň haýwanat dünýäsi, Arnap tokaýlygy, arça agaçlary, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda atlary agzalýan dermanlyk ösümlikleriň onlarçasy... bu sebitiň aklyňy haýrana goýýan keşbi. Köýtendagda tebigy baýlyklaryň örän köpdürli görnüşiniň we uly gorunyň bardygyny, onuň ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin aýratyn ähmiýete eýedigini hem bellemek bolar. Ynha, bu täsinlikler, şeýle-de sebitde gazylyp alynýan gymmatly milli baýlyklaryň dürli görnüşleri Köýtendagyň keremli keşbini açyp görkezýän «dag muzeýinde» orun alypdyr.

Häzirki wagtda muzeýiň esasy gaznasynyň sany 4 müň 105-e, kömekçi gaznasy hem 2 müň 10-a, muzeý gymmatlyklarynyň jemi sany hem 6 müň 115-e ýetipdir. Bu ýerde zähmet çekýän işgärleriň yzygiderli gözlegleri netijesinde sebitiň taryhyna, etnografiýasyna, tebigatyna degişli maglumatlar, tapyndylar bilen muzeýiň has-da baýlaşjakdygyna, bu ýere gelýän jahankeşdeleriň sanynyň hem yzygiderli artjakdygyna şaýatlyk edýär.