Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň IV möwsüminiň IV oýny geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň IV möwsüminiň IV oýny geçirildi

view-icon 1263
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň IV möwsüminiň IV oýny geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly intellektual bäsleşiginiň IV möwsüminiň IV saýlama oýny geçirildi. Bäsleşik ýokary okuw mekdep hem-de onuň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan geçirilýär.

Bäsleşigiň 2025–2026-njy okuw ýylynyň IV möwsüminiň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygy dörediji diplomatiýasy: netijeli hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň ygtybarly guraly» diýen umumy şygar astynda geçirilýändigini ýatlamak ýerlikli bolar. Şundan ugur alnyp, häzirki möwsümiň hemme oýunlary onuň umumy şygarynda beýan edilen temalara bagyşlanýar.

Möwsümiň IV oýny «Türkmenistanyň medeni diplomatiýasy: milli we umumadamzat mirasynyň birleşdiriji güýji hereketde» diýen tema boýunça geçirildi.

Täze oýunda, däp boýunça, oýunçylaryň sekizisi gatnaşdy. Olaryň hatarynda Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, Balkan, Mary, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň orta mekdepleriniň 11-12-nji synplarynyň okuwçylary girdiler.

Syýasat, diplomatiýa, halkara gatnaşyklary ulgamlaryna aýratyn gyzyklanma bildirýän hünäre ugrukdyryjy taslama gatnaşyjylar üçin çylşyrymly sowallar we ýumuşlar taýýarlanyldy.

Parahatçylygyň ýaş çaparlarynyň çykyşlaryna eminleriň düzümine giren Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy Perhat Çaryýew hem-de Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Garaýew, şeýle hem Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Güljeren Garaýewa baha berdiler.

Dartgynly oýnuň netijeleri boýunça Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyrylyp öwredýän ýöriteleşdirilen 90-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Gülşat Meredowa we Arkadag şäherindäki iňlis diline ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Jemal Hallyýewa ýeňijiler diýlip yglan edildi. Bu okuwçylar IV möwsümiň ýarym finalçylar toparynyň düzümine girdiler. Bu topar saýlama oýunlaryň sekizisiniň netijeleri boýunça dolulygyna düzüler.

Ýeňijilere we oýna gatnaşyjylaryň ählisine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Hormat hatlary hem-de çäräniň hemaýatkärleri bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Milli Ýaý atyjylyk federasiýasynyň sowgatlary berildi.

Taslamanyň wakalarynyň barşyny ünsli synlaýan köp sanly teletomaşaçylar üçin ýakyn günlerde «Miras» milli teleýaýlymynda IV oýnuň geçişini görüp biljekdiklerini ýatladýarys.