Berkarar Watanymyzyň Günbatar sebitiniň görenleri haýran galdyrýan tebigy aýratynlyklary, täsinlikleri kän. Gojaman Hazar deňziniň günorta-gündogar bölegindäki suw-batgalyk ýerler hem şeýle özboluşly künjekleriň biridir.
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki Hazar döwlet tebigy goraghanasyna degişli bolan bu ýerler guşlaryň ýüzlerçesiniň gyşlaýan mekany. Bütin dünýäde meşhur ornitologik merkez hökmünde tanalýan bu uly goraghananyň çäklerinde suwda ýüzýän dürli guşlaryň 300-den gowrak görnüşi bardyr. Olaryň ýaşaýan ýerleri halkara ähmiýetli konwensiýanyň (Ramsar konwensiýasy) kabul edilen taryhy ähmiýetli senesi bilen baglylykda dünýä ýurtlarynda her ýylyň 2-nji fewralynda suw-batgalyk ýerleriň Bütindünýä güni hökmünde giňden bellenip geçilýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz hem Ramsar konwensiýasyna 2008-nji ýylda goşuldy. Häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen böleginiň suwda ýüzýän guşlarynyň ýaşaýan suw-batgalyk ýerleri halkara ähmiýetli esasy künjekleriň hataryna girýär. Guşlaryň demirgazyk ýurtlardan uçup gelýän ýollary olaryň üstünden düşýär. Hazaryň kenarýakasy olara gyşlamak üçin has amatly hasaplanýar. Bu ýerde Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň sanawyna girizilen guşlaryň 70 göterimden gowragynyň duş gelýändigini hünärmenler gürrüň berýärler.
Şu ýerde bellenmeli zat, Hazaryň türkmen kenaryna has ir gelýän guşlar biraz dynç alyp, güýç-kuwwatyna gelenlerinden soň, günorta ýurtlara tarap ýollaryny dowam etdirýärler. Giç gelýän guşlar bolsa gyşlamaga galýarlar. Gyşlamak möwsümi noýabr aýyndan fewrala çenli dowam edýär. Olar her ýylyň ençeme aýlaryny Hazaryň türkmen kenarynda geçirýärler. Goraghananyň düzümindäki Ogurjaly adasynyň ýyly, ýumşak klimaty, iýmit bolçulygy hem guşlaryň dürli görnüşleriniň, ylaýta-da, balykçy guşlar bolan çarlaklardyr çärikleriň, uly jüptünleriň bu ýerlere süri-süri bolup gelmeklerine sebäp bolýar.
Häzirki wagtda Hazarda guşlaryň ýüzlerçe görnüşi gyşlaýar. Guşlaryň arasynda gülgüne öwüşginleri bilen tapawutlanýan gyzyl gazlaryň köp bolmagy diýseň guwandyrýar. Ýurdumyzyň Gyzyl kitabyna girizilen gyzyl gazlar Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň hem nyşany hasaplanýar. Bellenilişi ýaly, 1971-nji ýyldan bäri ýöredilip gelinýän resmi maglumat çeşmeleri kenarýaka sebitlerinde bolup geçýän tebigy üýtgeşmelere garamazdan, Hazar deňiziniň ýakasy guşlaryň köpçülikleýin ýaşaýan ýerine öwrülipdir. Şeýle-de Hazaryň türkmen böleginde geçirilen guş ýazuwynyň netijeleri boýunça gyzyl gazlaryň rekord netijesi hasaba alynypdyr.
Goja Hazaryň ýaramly, ekologik taýdan arassa gurşawy, ösümlikleriň dürli görnüşine, iýmit gorlaryna baýdygy bolsa guşlara gyşlamak üçin amatly şertleri döredýär. Ördek, çarlak, çärik, çuluk, jüptün, sakarbarak, gyzylinjik, guw ýaly dürli guşlaryň aňyrsy gözýetmez giňişlige utgaşyp gidýän gelşikli hatarlary deňze özboluşly öwüşgin çaýýar. Tebigy taýdan owadan, şeýle sazlaşykly görnüşler Hazaryň türkmen kenarynyň biodürlüliginiň hasam artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň agzybir işgärleri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem Hazar deňziniň suw-batgalyk ýerlerini, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, baýlaşdyrmak, geljekki nesillere ýetirmek, ylmy taýdan öwrenmek ugrunda giň möçberli işleri amala aşyrýarlar. Şeýle hem olar döredip berilýän döwrebap şertlerdir mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş, hoşallyk sözlerini beýan edýärler.