Ï Aşgabatda Awstriýanyň ýokary okuw mekdeplerine girmek isleýänler üçin okuw maslahaty geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Awstriýanyň ýokary okuw mekdeplerine girmek isleýänler üçin okuw maslahaty geçiriler

view-icon 4672
Aşgabatda Awstriýanyň ýokary okuw mekdeplerine girmek isleýänler üçin okuw maslahaty geçiriler

15-nji fewralda paýtagtymyzyň «Ynamly kepil» iş merkezinde Awstriýanyň ýokary okuw mekdeplerine girmek isleýän türkmen ýaşlary üçin tanyşdyrylyş okuw maslahaty geçiriler.

Awstriýada bilim almak boýunça esasy geňeşçiler duşuşyga gatnaşyjylara iki sagatlyk okuw maslahatyň dowamynda 18:30-dan 20:30-a çenli okuwa girmegiň mümkinçilikleri, okamagyň geljegi hem-de Awstriýanyň ýokary okuw mekdepleriniň diplomlaryny almagyň artykmaçlyklary barada giňişleýin gürrüň bererler. 

Geňeşçiler hemme sowallara jogap bererler we diňleýjiler bilen bu ýurda ugramak üçin ýollanmanyň dogry guralyşy, gitmäge we okuwa girmäge zerur bolan resminamalar toplumynyň taýýarlanylyp, Ýewropadaky ýokary hilli bilim beriliş işiniň bir bölegine öwrülip bolşy baradaky maslahatlaryny paýlaşarlar. 

Okuw maslahatyna +993 62902210 telefon belgisine jaň edip ýa-da Instagram: @studyaustria.tm elektron salgy boýunça ýazylyp bolar. 

Okuw maslahatyň geçirilmegi Awstriýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde bilim almak mümkinçiliklerine kepillikli elýeterliligi üpjün etmäge ýardam eder hem-de türkmen ýaşlary üçin Awstriýada okamaga ýönekeý we düşnükli ýoly açar. 

Awstriýanyň esasy uniwersitetleriniň Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diplomlary ýurtda ykrar edilýän daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girýändiklerini bellemek gerek. Awstriýanyň abraýly uniwersitetleri, bilimiň ýokary derejesi we diplomlarynyň halkara derejesinde ykrar edilmegi bilen meşhurdyr, onuň paýtagty, öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriň onlarçasy jemlenen ýeri bolan Wena şäheri bolsa eýýäm on ýyldan gowrak wagt bäri halkara reýtingleriň ykrar etmegi boýunça ýaşaýyş-durmuş üçin dünýäde iň oňat şäher diýen derejesini ynamly saklap gelýär.