Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Selbi Batyrowa Kanwon milli uniwersitetiniň başlangyjy bilen Koreýa Respublikasynyň Seul we Çhunçhon şäherlerinde geçirilen «Bilelikdäki geljek: ählumumy zehin we ýerli bileleşik» atly halkara maslahata gatnaşdy.
Çärä dünýäniň dürli ýurtlaryndan wekiliýetler gatnaşyp, ol akademiki we ylmy bileleşikleriň arasynda halkara gatnaşyklaryny berkitmek, tejribe hem bilim alyşmak, ylym we bilim pudagyndaky bilelikdäki täze başlangyçlary hem-de taslamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin uly meýdança boldy.
Türkmenistana wekilçilik edýän ýokary okuw mekdebiniň prorektory öz çykyşynda ýurtda öňdebaryjy dünýä tejribesine laýyklykda bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem bu türkmen ýokary okuw mekdebiniň bu ugurda durmuşa geçirýän işleri barada gürrüň berdi. Maslahata gatnaşyjylara türkmen institutynda koreý diliniň öwredilişi barada gysga wideoşekiller görkezildi, bu bolsa forumyň myhmanlaryna institut bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi, şeýle hem türkmen-koreý gatnaşyklarynyň pugtalanýandygynyň subutnamasy boldy.
Ynsanperwer ugur Türkmenistan bilen Koreýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegidir. Ynama we özara düşünişmeklige esaslanýan hyzmatdaşlyk ylym, bilim we medeniýet ugurlarynda üstünlikli we netijeli ösdürilýär.
Koreýadaky halkara bilim maslahatyna türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy munuň nobatdaky mysaly boldy. Onuň çäklerinde Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň prorektory bilen Kanwon milli uniwersitetiniň rektorynyň arasynda duşuşyk guraldy.
Duşuşykda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Kanwon milli uniwersitetiniň arasynda magistrlik meýilnamalarynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy, beýleki teklipler we anyk başlangyçlar barada pikir alşyldy.
Gepleşikleriň ahyrynda taraplar ylym-bilim gatnaşyklaryny ösdürmäge gyzyklanmasyny, şeýle hem bilelikdäki taslamalary we başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.