Ï Türkmenistanyň topary Indoneziýada V halkara ýaşlar ylmy ýarmarkasyna gatnaşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň topary Indoneziýada V halkara ýaşlar ylmy ýarmarkasyna gatnaşýar

view-icon 4139
Türkmenistanyň topary Indoneziýada V halkara ýaşlar ylmy ýarmarkasyna gatnaşýar

Düzüminde mugallym Atamyrat Altyýew, üçünji ýyl talyby Süleýmanmuhammet Şamuhammedow we ikinji ýyl talyby Aýmyrat Halnazarow bolan Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekiliýeti Indoneziýanyň Malang şäherinde şu ýylyň 21–25-nji fewraly aralygynda geçirilýän V halkara ýaşlar ylmy ýarmarkasyna (YISF) gatnaşýar.

Iri halkara wakasy dünýäniň 24 ýurdundan toparlaryň 446-synyň zehinli we geljegi uly ýaşlaryny bir ýere jemledi.

Halkara ýaşlar ylmy ýarmarkasynyň çäklerinde ýaş alymlar durmuş ylymlary, daşky gurşaw, ýaşaýyş-durmuş, innowasion ylymlar we inženerçilik bilen birlikde bäş ugur boýunça öz ylmy işlerini görkezýärler.

Türkmenistanyň topary halkara ýaşlar ylmy ýarmarkasynda «Senagat galyndylaryndan ýaşyl sementi almagyň ylmy esaslary» diýlen işläp taýýarlamalaryny görkezdi. Türkmen ýaş alymlarynyň çykyşlary dürli ýurtlardan bolan gatnaşyjylary durnukly ösüş, daşky gurşawy goramak we täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak ýaly ählumumy wezipeleri çözmäge ýardam bermäge gönükdirilen innowasion ylmy iş bilen tanyşdyrdy.

Halkara ýaşlar ylmy ýarmarkasy ylym, tehnologiýalar we innowasiýalar ulgamynda ýaşlaryň gazananlaryny halkara derejesinde öwrenmäge hem-de ösdürmäge ýardam bermek maksady bilen, Indoneziýanyň Ýaş alymlar assosiasiýasy (IYSA) tarapyndan her ýyl guralýar.

Çäräniň çäklerinde ýaşlaryň innowasion taslamalary, olaryň geljek bähbitli ähmiýeti, durmuşa geçirmegiň we dürli pudaklarda ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri giňden ara alnyp maslahatlaşylýar, şeýle hem tehnologiýalaryň geljege täsir etmäge ukyply ýaş alymlaryň hem-de inženerleriň ylmy gazananlaryna baha berilýär. Halkara ýarmarka her ýyl ýaşlaryň ylmy işleri bilen tanyşdyrmak, halkara gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de ylym, bilim we innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin netijeli meýdança öwrülýär.

Türkmenistanyň wekilleriniň bu abraýly çärä gatnaşmagy ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň işlerini ösdürmekde, ony täze mazmun bilen baýlaşdyrmakda, şeýle hem bu ugurda dünýä ýurtlary bilen gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Ýarmarkanyň netijeleri oňa gatnaşyjylaryň ylmy işleriniň bäsleşiginiň çäklerinde jemlenilip, ol, adatça, halkara çäräniň bir bölegi bolup durýar. Iň oňat ylmy işleriň awtorlary boljak bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy 24-nji fewralda geçiriler.