Ï Türkmenistanda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy

view-icon 525
Türkmenistanda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy

Aşgabat şäherindäki 4-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda guralan «Altyn asyryň altyn zehinleri» ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Ders bäsleşigi üç tapgyrda – şäher, welaýat we döwlet derejelerinde geçirildi. Okuwçylaryň arasyndaky giň gerimli bäsleşik ders ugurlarynyň 11-si: astronomiýa, geografiýa, himiýa, fizika, biologiýa, matematika, informatika, taryh, türkmen dili we edebiýaty, rus we iňlis dilleri boýunça geçirildi.

Ders bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry 12-13-nji martda Aşgabadyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň binýadynda geçirildi. Bäsleşigiň döwlet tapgyryna Türkmenistanyň ähli künjeklerinden zehinli mekdep okuwçylarynyň 811-si gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşanlaryň çykyşlaryna düzümine ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professorlary hem-de mugallymlary giren abraýly emin agzalar adalatly baha berdiler.

Intellektual gözden geçirilişiň netijeleri boýunça okuwçylaryň 236-syna baýrakly orunlar berildi. Şolardan 34 okuwçy birinji orunlary, 68 okuwçy ikinji orunlary eýelediler we 134 okuwçy üçünji orunlara mynasyp boldular.

«Altyn asyryň altyn zehinleri» ders bäsleşiginiň, şeýle hem onuň çäklerinde robot tehnikasy boýunça geçirilen bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň ýeňijileri we baýrak eýeleri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň I, II we III derejeli diplomlary hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglandylar.

Ders bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykarmak, goldamak we höweslendirmek, ähli taraplaýyn ösen nesilleri kemala getirmek, ýaşlaryň ylymlary öwrenmäge bolan gyzyklanmalaryny artdyrmak, okuwçylary hünärlere ugrukdyrmak hem-de olaryň intellektual we döredijilik taýdan ösmegi üçin oňyn şertleri döretmek maksady bilen ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.