5–12-nji apreli aralygynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Slowakiýanyň Bratislawa şäherinde iş saparynda boldular.
Bu iş sapary Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ «Ýokary bilim mümkinçiligini artdyrmak» maksatnamasynyň «Daşky gurşaw meselelerini, durmuş zerurlyklaryny we ýokary dolandyrylyşy Merkezi Aziýanyň bilim hem iş üpjünçiligi ulgamlarynda göz öňünde tutmak» (ESGCA) taslamasynyň çäginde geçirildi.
Saparyň maksady ekologiýa we jemgyýetçilik, şeýle hem netijeli dolandyryş meselelerini özünde jemleýän magistr okuw maksatnamasyny işläp düzmek boýunça gysga möhletli okuwlara gatnaşmakdan ybarat boldy.
Okuw Bratislawa şäherindäki Slowakiýanyň tehnologiýa uniwersitetinde (Slovak University of Technology in Bratislava – (STUBA)) geçdi. Onuň esasynda gatnaşyjylar üçin «ESG-niň durnukly senagatda, ýokary bilim bermekde we suw baýlyklaryny dolandyrmakda amaly ulanylyşy» atly okuw maslahaty geçirildi.
Saparyň çäginde gatnaşyjylar üçin nebiti gaýtadan işleýän «Slownaft» toplumyna gezelenç guraldy. Bu zawodlar toplumy «ýaşyl önümçilik» düşünjesini işjeň durmuşa geçirýär. Bu bolsa ekologiýa taýdan arassa serişdelerden peýdalanmagy, energiýa we suw tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalaryny ulanmagy we kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmagy öz içine alýar. Mugallymlara kompaniýanyň önümçiligiň daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltmak strategiýalary barada gürrüň berildi. Alnan maglumatlaryň geljekde ekologiýa we durnukly ösüş ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlaýan bilim edaralary üçin möhüm ähmiýeti bardyr.
ESGCA taslamasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin ekologiýa we durnukly ösüş boýunça bilim maksatnamalaryny kämilleşdirmäge we sebitde berilýän ýokary bilimiň hilini ýokarlandyrmaga goşant goşýandygyny bellemelidiris. Taslama Italiýanyň, Rumyniýanyň, Slowakiýanyň we Merkezi Aziýa sebitindäki birnäçe ýurduň öňdebaryjy uniwersitetleri gatnaşýar.
Bu taslamanyň çäginde mundan beýläk tejribe alyşmak, iň täze bilim tejribesini durmuşa geçirmek, okuwa gatnaşýanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we ylym-bilim pudagynda halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin ýerlik bolup hyzmat etjek nobatdaky duşuşyklarydyr okuwlary guramak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, sebitde durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen bilelikdäki tagallalary birleşdirmäge gönükdirilip, göz öňünde tutulýan çäreler Merkezi Aziýaly talyplardyr mugallymlar üçin goşmaça mümkinçilikleri açar.