Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 11-12-nji aprelde ilkinji gezek talyplaryň, aspirantlaryň we ýaş alymlaryň «Lomonosow» atly XXXII halkara ylmy maslahaty geçirildi.
Bu halkara maslahatyň işi «Pedagogika bilimi we döwrebap bilim tehnologiýalary» we «Terjimäniň nazaryýeti, taryhy we usulyýeti» diýen iki bölümde geçdi.
Maslahatyň barşynda lingwal pedagogikanyň we terjimeçiligiň derwaýys meseleleri barada ylmy çykyşlar diňlenildi. Mundan başga-da, iň gowy işler diplomlar we degişli Hormat hatlar bilen sylaglandy.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçen maslahatyň çäginde «Daşary ýurt dillerini öwretmekde bilim tehnologiýalarynyň orny» atly «tegelek stol» geçirildi we «Aýrylmaz baglanyşyk: dil we medeniýet» atly sergi guraldy.
Maslahatyň netijeleri boýunça oňa gatnaşanlaryň işleriniň ýygyndysynyň çap edilmegine garaşylýar.
M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen bilelikde ýola goýan bu çäresi iki ýurduň arasynda ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze sahypasyny açdy. Halkara gatnaşyklaryň şunuň ýaly görnüşi biziň ýurdumyzda ilkinji gezek durmuşa geçirildi.
Halkara maslahatyň 11–25-nji apreli aralygynda «Lomonosow-2025» halkara ýaşlar ylmy maslahatynyň çäginde M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetinde geçirilýändigini bellemelidiris. Uly göwrümli ylmy maslahaty Russiýa Federasiýasynyň sebitlerinde, şeýle hem M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň Russiýadaky, Gazagystandaky, Täjigistandaky, Ermenistandaky, Özbegistandaky, Azerbaýjandaky we Hytaýdaky bölümlerinde-de geçiriler. Bu ýylky maslahat häzirki zaman düýpli we amaly ylymlaryň esasy ugurlary boýunça iş alyp barýan 43 bölümi özünde jemleýär.
«Lomonosow» atly halkara ylmy maslahatynyň esasy maksady talyplaryň, aspirantlaryň we ýaş alymlaryň döredijilik işjeňligini ösdürmek, olary häzirki zaman ylmynyň derwaýys meselelerini çözmäge çekmek, ýeke-täk halkara ylym-bilim giňişligini gorap saklamak we ösdürmek, şeýle hem geljekki kärdeşleriň arasynda aragatnaşyk gurmakdyr.