Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda V Açyk halkara matematika olimpiadasyny (OMOUS-2025) geçirýär.
Şu ýyl olimpiada ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň takyk ylymlaryň janköýerleriniň ýarym müňden gowragyny bir ýere jemledi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ählisinden 400-den gowrak talyplar bäsleşikde Türkmenistana wekilçilik edýärler. Dünýäniň dürli ýurtlarynyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň 30-dan gowragyndan 200-e golaý zehinli matematikler olimpiada gatnaşmak üçin Aşgabada geldiler. Olaryň hatarynda Russiýadan, Özbegistandan, Indoneziýadan, Eýrandan, BAE-den, Hindistandan, Polşadan, Rumyniýadan talyplar bar.
Bäsleşige gatnaşyjylaryň türkmen ýokary okuw mekdebinde garşylanyşy hem-de olimpiadanyň 14-nji aprelde geçirilen açylyş dabarasy tüýs ýürekden dostlukly, myhmansöýer we baýramçylyk ýagdaýynda guraldy.
Wakanyň dabaraly bölegi tamamlanandan soň, halkara olimpiadanyň şahsy bäsleşiklerine badalga berildi. Ýaş zehinler ýokary okuw mekdebiň çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin hemme zerur şertler döredilen giň okuw otaglarynda çylşyrymly matematika ýumuşlary hem-de meseleleri çözmäge girişdiler.
Şahsy bäsleşikler oňa gatnaşyjylary A we B diýen iki topara böldi. Ilkinji B topara matematikany we informatikany öwrenýän talyplar, ikinji topara beýleki hünärleriň talyplary girdiler. 
Olimpiadanyň çäklerinde toparlaýyn bäsleşikler hem geçiriler. Türkmenistanyň hem-de olimpiada gatnaşyjy daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professorlary we mugallymlary bäsleşigiň eminleri hökmünde çykyş ederler.
Olimpiada gatnaşyjylar üçin baý medeni maksatnama taýýarlanyldy. Oňa gadymy Nusaý galasyna, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, paýtagtymyzyň söwda we dynç alyş merkezlerine barlyp görülmegini özünde jemleýän gezelençler hem-de beýleki çäreler girýär.
Şeýlelikde, olimpiadanyň geçirilýän günlerinde daşary ýurtly myhmanlar ylym we bilim ulgamynda Türkmenistanyň gazananlary, şeýle hem ýurdumyzyň gadymy taryhy, medeniýeti, sungaty hem-de türkmen halkynyň milli däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar.
Olimpiada 18-nji aprele çenli geçiriler we dostlukly gatnaşyklary giňeltmek we berkitmek, bilimleri, tejribeleri alyşmak hem-de dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleriniň arasynda berk gatnaşyklary gurmak üçin netijeli meýdança öwrüler.