Ï Aşgabatda «Zehinli ýaş himikler» olimpiadasy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda «Zehinli ýaş himikler» olimpiadasy geçirildi

view-icon 2229
Aşgabatda «Zehinli ýaş himikler» olimpiadasy geçirildi

Şu gün Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Zehinli ýaş himikler» olimpiadasy tamamlandy.

Himiýa dersi boýunça olimpiada iki tapgyrda şahsy bäsleşik görnüşinde geçirildi. Onlaýn görnüşde geçirilen birinji tapgyra Aşgabat we Arkadag şäherlerinden hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan 460-dan gowrak mekdep okuwçysy gatnaşdy. Ýaş himikler üçin meseleler uniwersitetde döredilen guramaçylyk komiteti tarapyndan mekdepleriň okuw meýilnamasyna esaslanyp ýörite taýýarlanyldy.

Birinji tapgyryň netijeleri boýunça zehinli okuwçylaryň 126-sy Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirilen bäsleşigiň ikinji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Uniwersitet Türkmenistanyň dürli künjeklerinden gelen olimpiadanyň finalçylaryny myhmansöýerlik bilen garşy aldy. Mekdep okuwçylary üçin gyzykly çäreler taýýarlandy. Uniwersitetde gezelenç wagty okuwçylary uniwersitetiň akademiki binalary we fakultetleri, ylmy merkezleri we ylmy laboratoriýalary, muzeýleri we paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdebiniň sport toplumy bilen jikme-jik tanyşdyrdylar.

Olimpiadada iň gowy netijeleri görkezen okuwçylar mekdebi tamamlandan soň uniwersitetde bilimini dowam etdirmäge çagyryldy. Çäräniň ahyrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň adyndan jemleýji tapgyryň ýeňijilerine 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlar hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.