Türkmen wekiliýeti Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirilýän «Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň uniwersitetleriniň arasynda akademiki hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy: bilelikdäki maksatnamalar, barlaglar hem-de akademiki ykjamlylyk» atly maslahata gatnaşýar.
Maslahata dünýäniň ýurtlarynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň, Erasmus+ milli edaralarynyň, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Forumyň çäklerinde Türkmenistana Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy Habyp Halmämmedow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy Şöhrat Bäşimow hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy Arslan Mätkarimow wekilçilik edýärler.
Halkara akademiki hyzmatdaşlygy ýola goýmak we goldamak, Merkezi Aziýa we Ýewropa ölçeglerine laýyk gelýän okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny döwrebaplaşdyrmak, barlag mümkinçiliklerini ösdürmek, Merkezi Aziýada ýokary bilimiň hilini artdyrmak maksady bilen okatmagyň usullaryny kämilleşdirmek, akademiki ykjamlylygy ýokarlandyrmak, alyşmalar maksatnamalaryny öwrenmek, akademiki maksatnamalara we barlag geçiriş taslamalaryna durnukly ösüş we ekologiýa medeniýeti ugurlaryny ornaşdyrmak maslahatyň esasy maksatlary bolup durýar.
Halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilen başarnyklaryna eýe bolmak, okuw-bilim işini döwrebaplaşdyrmak, bilelikdäki ylmy-barlag başlangyçlaryny guramak, okatmagyň we mugallymçylyk iş tejribesini gowulandyrmak, ýokary okuw mekdeplerini halkaralaşdyrmak maksady bilen institutsional mümkinçiligi berkitmek, bilelikdäki ylym-bilim taslamalaryň esasynda ekologiýa howpsuzlygy we durnukly ösüş babatda ýörite başarnyklary ele almak çäreden garaşylýan netijeleriň hatarynda durýar.
Maslahata gatnaşyjylar halkara taslamalaryň ozal gazanylan netijelerini saklamagyň ähmiýetini belläp, hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin strategiki görnüşlerine geçmegiň zerurdygyny nygtaýarlar. Olar bilelikdäki bilim maksatnamalaryny we barlag başlangyçlaryny ösdürmegi, akademiki ykjamlylygy we işgärler taýdan durnuklylygy, taslamalaryň hiliniň üpjün edilmegini, sanlylaşdyrmagyň we innowasion ösüşiň goldanylmagyny özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlediler. Halkara maslahatyň netijeleri boýunça degişli kararnamanyň kabul edilmegi meýilleşdirilýär.