Ï Türkmenistanda pars dilini gorap saklamak gününe bagyşlanan çäre geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda pars dilini gorap saklamak gününe bagyşlanan çäre geçirildi

view-icon 2233
Türkmenistanda pars dilini gorap saklamak gününe bagyşlanan çäre geçirildi

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda pars dilini gorap saklamak gününe we beýik pars şahyry Abulkasym Firdöwsiniň hatyrasyna bagyşlanan çäre geçirildi.

Çärä Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, diplomatik wekilhananyň we ilçihananyň ýanyndaky Medeniýet merkeziniň işgärleri, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdy.

Çäräniň maksatnamasy türkmen hem pars dillerinde Magtymguly Pyragynyň we Abulkasym Firdöwsiniň goşgularyny okamagy, şeýle hem olaryň sözlerine aýdymlary ýerine ýetirmegi öz içine alýardy. «Altyn miras» medeni merkeziniň döredijilik topary «Küştdepdi» halk tansy bilen çykyş etdi.