21-nji maýda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Aşgabat – milli binagärligiň merjeni, ylym-bilimiň mesgeni» atly utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Belarusuň, Italiýanyň, Pakistanyň we ABŞ-niň ýokary okuw mekdepleriniň professorlary, mugallymlary, aspirantlary, doktorantlary, magistrantlary, ylmy edaralarynyň we guramalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar.
Maslahatyň esasy maksady halkara dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdan hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ylmy edaralarynyň alymlarynyň hem-de hünärmenleriniň arasynda özara bähbitli ylmy maglumatlary we tejribeleri alyşmakdan ybaratdyr.
Maslahat başlanmazdan öňürti, oňa gatnaşyjylar amaly-haşam sungatynyň eserleriniň hem-de binagärlik-gurluşyk institutynyň professorlarynyň, mugallymlarynyň we talyplarynyň ylmy-barlag işleriniň netijeleriniň esasynda taýýarlanylan ylmy taslamalaryň sergisi bilen tanyşdylar. Şeýle hem ylmy işleriň hatarynda 2026-njy ýylyň sentýabrynda açylmagy meýilleşdirilýän Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň taslamasy görkezildi.
Maslahata gatnaşyjylara ýokary okuw mekdepde ekologiýa we tebigy serişdelerden oýlanyşykly peýdalanmak, energetika, himiýa tehnologiýalary, gurluşyk, binagärlik, seýsmiki we maglumat tehnologiýalary ulgamlarynda önümçiligiň möhüm wezipelerini çözmäge gönükdirilip alnyp barylýan ylmy-barlag işler barada habar berildi. 2024-nji ýylyň oktýabrynda institutda ylmyň, bilimiň we önümçiligiň özara gatnaşygyny utgaşdyrmaga gönükdirilen maglumat tehnologiýalarynyň ylmy-tehniki merkeziniň döredilendigi nygtaldy.
Maslahatyň umumy mejlsinde çykyş eden daşary ýurtly gatnaşyjylar öz halklarynyň binagärlik sungatynyň däpleri we aýratynlyklary, dünýäniň ýurtlarynda işjeň ornaşdyrylýan döwrebap şähergurluşygyndaky innowasiýalar hem-de tehnologik işläp taýýarlamalar barada gürrüň berdiler. Oňaýly şäher gurşawyny ösdürmek, binagärlik-gurluşyk biliminiň netijeliligini artdyrmak hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak baradaky meseleler boýunça maslahatlaşmalar oňa gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Soňra maslahatyň işi bölümçeler boýunça dowam edip, olaryň biri «Häzirki zaman binagärlik sungatynda milli nagyşlaryň orny» diýen at bilen Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirildi. Akademiýanyň sergiler zalynda myhmanlar üçin döredijilik ugurly ýokary okuw mekdebiniň talyplary we mugallymlary tarapyndan ýerine ýetirilen taslama işleriniň sergisi guraldy.
Umuman, maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar ylmyň we önümçiligiň utgaşdyrylmagyny gazanmaga, akademiki we talyplary alyşmagy guramaga, ylym-bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmaga, ýaşlary ylma çekmäge, başarnykly, giňişleýin pikirlenýän öňdebaryjy nesilleri kemala getirmäge hem-de önümçilikde we ylmy-barlaglarda ýüze çykýan möhüm ylmy hem-de amaly meseleleri çözmäge ukyply işgärleri taýýarlamaga gönükdirilen ileri tutulýan wezipeleri bilelikde we netijeli ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik aldylar.