Ï Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Aşgabatda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Aşgabatda

view-icon 3159
Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Aşgabatda

21-nji maýda Türkiýe Respublikasynyň Ýokary bilim geňeşiniň başlygy Erol Ozwaryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Aşgabada geldi.

Saparyň maksady dostlukly ýurtlaryň arasynda ylym we ýokary bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekden we çuňlaşdyrmakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň ylym we bilim ulgamynyň ýolbaşçy wekilleri bilen duşuşmak Türkiýe Respublikasyndan gelen ýokary wezipeli myhmanlaryň türkmen paýtagtynda bolmagynyň maksatnamasyna girip, şol duşuşyklar hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga, ylym-bilim ulgamynda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini döretmäge, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösüşiň has ýokary derejesine çykarmaga gönükdirilendir.

Şeýle hem türk wekiliýeti saparynyň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna baryp görerler, şol ýokary okuw mekdeplerde olaryň rektorlary bilen duşuşyklar meýilleşdirildi. Türkiýeli myhmanlar ýokary hünär biliminiň maksatnamalary, ýokary okuw mekdepleriň düzümi, olaryň bilim we ylmy işleri bilen tanyşdyrylar.

Duşuşyklaryň netijesinde taraplar Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda ylym we bilim ulgamynda ýola goýlan hem-de üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklaryň çäklerinde täze ylalaşyklary gazanmagy maksat edinýärler.

Ýurtlaryň ikitaraplaýyn bilim gatnaşyklary sazlaşykly we netijeli ösdürilýär, bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň we Türkiýäniň hökümetleriniň arasynda 2023-nji ýylda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama laýyklykda ýokary bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň gerimi ep-esli giňeldi.

Türkiýe Respublikasyndan Türkmenistana gelen hormatly myhmanlar üçin gyzykly medeni maksatnamanyň taýýarlanylandygyny hem bellemek gerek. Şol maksatnama «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghananyň ýadygärliklerine, «Paýtagt» söwda-dynç alyş merkezine, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine hem-de Türkmen halysynyň milli muzeýine barlyp görülmegini özünde jemleýär.

Türkiýe Respublikasynyň Ýokary bilim geňeşiniň başlygy Erol Ozwaryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň iş sapary 24-nji maýa çenli dowam eder.