Ï Gawr uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gawr uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 2408
Gawr uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Gawr uniwersitetiniň (Fransiýa) wekilleri – wise-prezidenti Ž-N.Kastorion we halkara aragatnaşyklar boýunça direktory P.Bartelemi bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň baş maksady ikitaraplaýyn akademiki hyzmatdaşlygy giňeltmekden ybarat boldy. 

Gepleşikleriň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Fransuz Respublikasynyň Gawr uniwersitetiniň wekilleri özleriniň wekilçilik edýän ýokary okuw mekdepleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Taraplar ylym we bilim ulgamynda ýokary okuw mekdepleriň özara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. 

Dürli ýyllarda Türkmen döwlet uniwersitetinde beýleki daşary ýurt dilleri bilen bir hatarda, fransuz dili we edebiýaty boýunça ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylandygy bellenildi. 

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge döredilen giň mümkinçilikler, şeýle hem ýurtlaryň arasynda parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen uly gerimli işleri üçin iki döwletiň Baştutanlaryna hoşallyk bildirdiler.