Ï Üzümçiligi ösdürmekde kükürtli paýa betonlaryň ähmiýeti
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Üzümçiligi ösdürmekde kükürtli paýa betonlaryň ähmiýeti

view-icon 3567
Üzümçiligi ösdürmekde kükürtli paýa betonlaryň ähmiýeti

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň Energiýany öndürmegiň we tygşytlamagyň hem-de metrologiýa ölçeg serişdelerini barlaýan ylmy barlaghanasy üzümçiligi ösdürmekde kükürtli paýa betonlary işläp taýýarlady.

Tehniki ylymlaryň kandidaty Meretmuhammet Hudaýberdiýewiň ýolbaşçylygynda ýokary mehaniki berklige, himiki durnuklylyga eýe bolan täze serişde döredildi.

Ösümlikleri çyrmaşdyrylýan paýa betonlar üzümçilikde möhüm orun eýeläp, olaryň ösmegi hem-de miwe getirmegi üçin olara goldaw bolup, oňaýly mikroklimat döredýär. Agaç ýa-da metal ýaly ozalky serişdeler çüýremäge we poslamaga sezewar bolup, olaryň uzak möhletleýinligini hem-de netijeliligini peseldýär.

Kükürtli paýa betonlar çyglylyga hem-de himiki täsirlere durnuklydyr, bu bolsa olary dürli howa şertlerinde ulanmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, ol ýokary mehaniki berklige eýedir, munuň özi gurnamanyň uzak möhletleýinligini we ygtybarlylygyny üpjün edýär.

Işlenilip taýýarlanylan kükürtli paýa betonlar üzümçilikde öňe tarap uly ädim ädilendigini görkezýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýalar parkynyň hünärmenleriniň hödürleýän innowasion çözgütleri obasenagat işewürligi üçin täze mümkinçilikleri açyp, onuň durnukly ösmegine hem-de önümçiligiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär.