Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly III utgaşdyrylan olimpiadanyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bäsleşik Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 9–12-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirildi.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça okuwçylaryň 33-sine baýrakly orunlar berildi.
Olimpiadada ajaýyp çykyş edip, ýurdumyzyň mekdepleriniň okuwçylarynyň 11-si I orun eýelediler. Olaryň hatarynda – Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 10-12-nji synp okuwçylary Pälwan Ilmämmedow, Maksat Tyllaýew, Rüstem Jumaýew, Diýar Döwletow, Hudaýguly Hudaýberenow, Aýlar Orunowa hem-de Näzli Serdarowa bar.
Şeýle hem olimpiada-da hormatly birinji orunlary Aşgabat şäherindäki 86-njy orta mekdebiniň okuwçylary Ülker Ahmedowa we Şatlyk Jumageldiýew hem-de Aşgabat şäherindäki 87-nji orta mekdebiniň okuwçylary Ýusup Resulow we Parahat Ojarow eýelediler.
Olimpiada gatnaşyjy Aşgabat şäherinden hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan bilime höwesek has zehinli we ukyply ýaşlaryň 8 sany ikinji hem-de 14 sany üçünji orunlara mynasyp boldular.
Okuwçylaryň ýene-de 16-sy giň gerimli akyl-paýhas bäsleşiginiň höweslendiriji baýraklarynyň eýeleri boldular.
Sylaglaýyş dabarasynyň dowamynda olimpiadanyň ýeňijilerine we baýrak eýelerine Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň medallary, diplomlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.
Matematika, fizika, himiýa, biologiýa dersleri boýunça «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly III utgaşdyrylan olimpiada özünde 3 tapgyry jemläp, şu ýylyň mart aýynda başlandy. Bäsleşigiň birinji tapgyrynda tutuş ýurdumyzdan okuwçylaryň 2500-si çykyş etdiler. Olaryň 1000-den gowragy ikinji tapgyrda intellektual bäsleşikde dowam etdiler. Olimpiadanyň jemleýji tapgyrynda dersler boýunça bilime höwesek ýaşlaryň iň oňat 60-sy çykyş etdiler.
Uniwersitetiň binýadynda geçirilen jemleýji tapgyryň çäklerinde oňa gatnaşyjylar üçin tomusky mekdep guraldy. Bu ýerde intellektual we sport ýaryşlary, döredijilik we medeni duşuşyklar, dürli derslerden goşmaça sapaklar, şeýle hem häzirki zaman ylmynyň we biliminiň wajyp ugurlaryna bagyşlanylan özüne çekiji okuwlar geçirildi.
Okuwçylar üçin çäreler ýokary okuw mekdebiň «Bilimler dünýäsi» we «Kibersport» innowasion merkezlerinde, şeýle hem uniwersitetiň öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen ylmy-barlaghanalarynda geçirildi. Finala gatnaşyjylar üçin häzirki zaman ylmynyň ösüşi we gazananlary diýen tema degişli düşünjeleri artdyrmak maksady bilen umumy okuwlar geçirildi, okuwlary daşary ýurtly professorlar, Germaniýanyň, Türkiýäniň we Hytaýyň meşhur alymlary geçdiler.
Mekdep okuwçylaryň ýokary okuw mekdebiň talyplary bilen duşuşyklary netijeli boldy, olar öz ylmy işleri bilen tanyşdyrdylar hem-de ylym ýolundaky ilkinji ädimleri dogrusynda gürrüň berdiler. Şeýle hem modelirleme sapaklary we robot tehnikasy boýunça amaly okuwlar olimpiadanyň finalçylaryna niýetlenilen tomusky lageriň baý maksatnamasyna girizildi. Geçirilen çäreler okuwçylaryň ylymlary öwrenmäge bolan gyzyklanmalaryny artdyrmaga, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge hem-de ylmy-barlag işlerine işjeň gatnaşmaklaryna itergi bermegi ýokarlandyrmaga gönükdirildi.
Üçünji ýyl yzygiderli geçirilýän utgaşykly olimpiada ýurdumyzyň zehinli ýaşlaryny özüne çekmek boýunça uly işleri alyp barýan uniwersitetiň hünäre ugrukdyryş taslamalarynyň biridir.
Olimpiadanyň I, II ýa-da III tapgyrlaryny geçen okuwçylaryň ählisiniň uniwersitetiň «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly Altyn gaznasynyň düzümine girýändigini bellemek gerek. Onuň agzalary ýokary okuw mekdebine girmäge synanyşanlarynda ýeňillikden peýdalanýarlar.
Ozalky ýyllarda olimpiada gatnaşan mekdep okuwçylarynyň 146-syndan 113-siniň häzirki wagtda bu abraýly ýokary okuw mekdepde dürli ugurlar boýunça okaýandyklary bu taslamanyň netijelidigini doly tassyklaýar.
Olimpiada ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamynda ileri tutulýan wezipeleriň durmuşa geçirilmegine uly üstünlik bilen saldamly goşant goşýar. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary berkitmek, ösüp gelýän nesilleriň ylymlary öwrenmäge bolan gyzyklanmalaryny artdyrmak we goldamak, innowasion tehnologiýalary üstünlikli ulanyp bilýän, giňden pikirlenmegi hem-de öňde goýlan wezipeleri özbaşdak çözmegi başarýan zehinli, işjeň ýaşlary terbiýelemek baradaky wezipeler bar.