Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi boýunça ýurduň ýokary okuw mekdepleri we umumy bilim berýän orta mekdepleri üçin täze okuw kitaplary çykaryldy.
Ýakynda neşir edilen “Arap diliniň fonetikasy” diýen okuw kitaby ýokary hünär derejeli dilçileri we terjimeçileri taýýarlamak, Türkmenistanda daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek, okatmagyň hilini ýokarlandyrmak, döwrebap usulyýetleri we tehnologiýalary ornaşdyrmak, umuman, bilim berlişiniň mazmunyny baýlaşdyrmak boýunça ylym we bilim ulgamynda ileri tutulýan wezipelere laýyklykda taýýarlanyldy.
G.Gurbannazarowanyň täze kitaby ýokary okuw mekdeplerde arap dilini öwrenýän talyplara hem-de gyzyklanma bildirýän ähli okyjylara niýetlenilendir. Bu okuw kitaby arap diliniň häzirki zaman fonetika kadalaryny we aýratynlyklaryny has çuňňur öwrenmek maksady bilen okuw maksatnamasynyň esasynda taýýarlanyldy.
Kitap taýýarlanylanda awtor tarapyndan türkmen we daşary ýurtly dilçileriniň, alymlarynyň arap diliniň fonetikasyna bagyşlanylan dürli işleri ulanyldy. Kitapda dil hakynda gymmatly maglumatlar, düzgünler, tekstler hem-de türgenleşme mysallary jemlenilipdir.
Şeýle hem ýurduň ýokary okuw mekdepleri üçin “Ýaş žurnalistiň döredijilik mekdebi” atly okuw gollanmasy çykaryldy, onuň awtory Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Agamyrat Mämmedow.
Köpýyllyk žurnalistik we mugallymçylyk tejribesiniň esasynda taýýarlanylan okuw gollanmasy awtoryň žurnalistika bagyşlanylan gymmatly işleriniň birnäçesiniň üstüni ýetirdi. Onuň ozalky kitaplarynyň hatarynda “Žurnalistiň döredijilik işiniň esaslary”, “Žurnalistiň döredijiliginiň usulyýeti”, “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ykdysadyýeti we menejmenti” atly okuw gollanmalary bar. Şol kitaplar talyplara häzirki zaman žurnalistiniň döredijilik işiniň özeni bolup durýan ugurlarda giňişleýin bilimleri berýär.
Täze okuw kitabynda žurnalistikanyň žanrlaryna kesgitleme berilýär hem-de gazetde ýerleşdirilýän işleriň görnüşleri beýan edilýär, interwýunyň alnyşy, makalany ýazmaga çemeleşmeler, wakalary dessine ýetirmegiň usullary, žurnalistik işiň redaktirlenilişi barada maglumatlar berilýär. kitapda beýan edilen maglumatlar geljekki žurnalistleriň bilimleriniň pugtalanmagyna we giňemegine ep-esli derejede ýardam eder.
Kitap ýokary okuw mekdeplerde “žurnalistika” hünäri boýunça okaýan talyplara, taýýarlygyň şu ugrundan bilim berýän mugallymlara, şeýle hem ýurduň KHBS-nde işlemäge täze başlaýan žurnalistlere niýetlenilendir.
“Maglumat-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalar” atly beýleki okuw kitaby awtorlar M.Çüriýew, D.Çaryýewa, M.Annaýew tarapyndan ýurduň rus diline ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän orta mekdepleriniň XII synplary üçin taýýarlanldy.
Kitabyň mazmunynda “Habarlar we maglumat işi”, “Kompýuter maglumat tehnologiýalary”, “Kommunikasiýa tehnologiýalary”, “Maglumat howpsuzlygy”, “Innowasion tehnologiýalar” diýen bölümler boýunça toparlara bölünen işler yzygiderli beýan edilipdir.
Okuw kitabynda maglumat ulgamlarynyň we tehnologiýalarynyň esasy düşünjelerine we ýerine ýetirýän wezipesiniň ähmiýetine, kommunikasiýa torlaryny gurmagyň esasy ýörelgelerine, dürli simsiz tehnologiýalaryň iş usullaryna garalypdyr. Bu kitabyň kömegi bilen okuwçylar kompýuter we sanly tehnologiýalary howpsuz ulanmak, kiberhüjümleri tanap bilmek, ýüze çykarmak we olaryň öňüni almak boýunça ilkibaşlangyç çäreleri görmek başarnyklaryny ele alyp bilerler.
Alnan bilimleri barlamak üçin kitapda ýerleşdirilen sowallar hem-de amaly işler okuwçylara öwrenilenleri berkitmäge we temalara degişli düşünjeleri giňeltmäge kömek eder.
Umumy bilim berýän mekdeplerde “Maglumat-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalar” dersiniň girizilmegi we okadylmagy tehnologiýalaryň ýokary derejelerde ösmegi hem-de olaryň jemgyýetçilik durmuşynyň hemme ugurlaryna ýetirýän uly täsirleri, şeýle hem, eýýäm, mekdep partasyndan başlap, häzirki zaman sanly dünýäsinde başarnykly we erkin ugur alyp bilýän ösüp gelýän nesilleri taýýarlamagyň zerurlygynyň artmagy bilen şertlendirilendir.