Ï Bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk giňeldilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk giňeldilýär

view-icon 2188

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Ministrligiň ýolbaşçysy bilen Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Azadbekowiç Alimowyň duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki dostlukly döwlet üçin aýratyn ähmiýete eýe bolan bilim we ylym ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýlaryny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bilim ministri Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda taryhy taýdan emele gelen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň bilelikdäki bilim başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi arkaly täze mazmuna eýe bolýandygyny belledi.

Türkmenistana hünär ýokarlandyrylyş okuwlaryna gelen Daşkendiň oba hojalyk irrigasiýasynyň we mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň wekiliýetiniň häzirki sapary ýola goýlan gatnaşyklaryň aýdyň mysallarynyň biri hökmünde bellenildi. 10 günüň dowamynda özbek ýokary okuw mekdebiniň wekilleri ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň desgalarynda tejribelik geçerler. Iýul aýynda bolsa şonuň ýaly tejribeligi geçmek üçin S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekiliýetiniň Özbegistana jogap saparynyň amala aşyrylmagy meýilleşdirildi. Şeýle özara duşuşyklar ýokary okuw mekdepleriň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär we mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek üçin pugta esas döredýär.

Türkmen tarapy bilim ulgamynda ýurduň häzirki zaman gazananlary barada maglumat berdi. Sanlylaşdyrmak, bilime emeli aňy ornaşdyrmak babatdaky üstünlikler, şeýle hem Türkmenistanyň halkara bilim reýtinglerine gatnaşýandygy aýratyn bellenildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň geljekki çäreleri barada aýdyp, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň giňeldilmegini, talyplaryň we mugallymlaryň akademiki alşylmagynyň ösdürilmegini, bilelikdäki bilim maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegini möhüm ugurlar hökmünde bellediler. Rektorlaryň forumynyň, talyplaryň we ýaş hünärmenleriň gatnaşmaklarynda ýaşlaryň ylmy maslahatlarynyň we hakatonlaryň geçirilmegine, startaplaryň dowamly döredilmegine, şeýle hem sanly bilim platformalaryna bolan elýeterliligiň alşylmagynyň guralmagyna aýratyn üns berildi.

Iki ýurduň mekdep okuwçylarynyň hem-de talyplarynyň halkara olimpiadalara we bäsleşiklere gatnaşmaklarynyň ähmiýeti nygtaldy. Türkmen tarapy 2025-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda geçirilen Halkara matematika olimpiadasynda özbek toparynyň üstünlikli çykyş edip, medallaryň 17-sini gazanandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Öz nobatynda, özbek tarapy sanly menejment we bilim işiniň dolandyrylyş ulgamynda türkmen tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirdi. Döwlet we hususy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara hereketleriň işjeňleşdirilmegi, şeýle hem Türkmenistanda Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýarmarkasyny guramak başlangyjy teklip edildi. Munuň özi dalaşgärler üçin mümkinçilikleriň giňeldilmegine hem-de akademiki aragatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berer.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy Özbegistanyň bilim we ylym edaralarynyň wekillerini 2025-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş, bilim we sport» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşmaga çagyrdy.