Ï Öňdebaryjy başlangyç synp mugallymlary sylaglandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Öňdebaryjy başlangyç synp mugallymlary sylaglandy

view-icon 2765
Öňdebaryjy başlangyç synp mugallymlary sylaglandy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Aşgabat we Arkadag şäherleriniň orta mekdepleriniň öňdebaryjy başlangyç synp mugallymlaryny sylaglamak dabarasy boldy.

Dabarada Türkmenistanyň bilim ministri sylaglara mynasyp bolan mugallymlara tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Olaryň nusgalyk we asylly işleri ýaş nesilleriň başlangyç we umumy bilimlere eýe bolmaklarynda möhüm ähmiýete eýedir, çagalaryň geljekki durmuşy, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetleriň üstünlikli kemala gelmegi üçin ygtybarly binýatdyr.

Mugallymlara dabaraly ýagdaýda olaryň köpýyllyk we yhlasly çeken zähmetine mynasyp baha bermek bilen, olara Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlary hem-de ajaýyp gül çemenleri gowşuryldy.

Soňra Türkmenistanyň bilim ministri başlangyç bilimde öňdebaryjy tejribeleri öwrenmäge we ýaýratmaga gönükdirilip alnyp barylýan uly işleri giňeltmek boýunça wezipelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ol «Bilim» ylmy-usulyýet žurnalynyň baş redaktoryna neşiriň sahypalarynda öňdebaryjy mugallymçylyk tejribelerini geljekde wagyz etmek boýunça tabşyryklary berdi.

Çäre mugallymlaryň «Bilim» ylmy-usulyýet žurnalynyň redaksiýasynda guralan maslahaty bilen dowam etdi. Duşuşygyň barşynda mugallymlaryň gyzykly we mazmunly çykyşlary boldy, oňa gatnaşyjylar hünär boýunça pikirlerini paýlaşdylar hem-de žurnalda mowzuklaýyn makalalary, mekdepde çagalary okatmagyň we terbiýelemegiň netijeli usullaryna bagyşlanylan makalalary ýerleşdirmek boýunça anyk tekliplerini aýtdylar.

Mugallymlar berlen wezipeleri ýerine ýetirmäge bolan isleglerini we gyzyklanmalaryny, şeýle hem ýyllaryň dowamynda toplan gymmatly tejribelerini ýurduň başlangyç synp mugallymlaryna, ýaş hem-de işine täze başlaýan hünärmenlere geçirmek ugurundaky tagallalary birleşdirmek meselelerine örän jogapkärli çemeleşmegi maksat edinýändiklerini beýan etdiler. Redaksiýanyň döredijilik topary bilen hoşlaşyp, mugallymlar özleriniň örän ýakyn wagtda dürli temalar boýunça hünär tejribelerini giňden beýan edýän usulyýet makalalaryny taýýarlajakdyklaryna ynandyrdylar.

Ýurdumyzda mugallymçylyk işini we umuman, bilim berlişini kämilleşdirmäge gönükdirilen işler hemişelik esasda alnyp barylýar. Şunda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek, bilimiň hiline baha bermegiň «PISA», «TIMSS», «PIRLIS» halkara maksatnamalaryna hem-de beýleki halkara bilim maksatnamalaryna laýyk gelýän görkezijileri milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça wezipelere aýratyn üns berilýär.

Başlangyç synp mugallymlaryny taýýarlamak, olaryň başarnyklaryny ýokarlandyrmak we okuw, döredijilik, halypaçylyk işlerini kämilleşdirmek boýunça işler uly ähmiýete eýedir hem-de olar ýurduň bilimli, giňişleýin pikirlenip bilýän, beden we ruhy taýdan sagdyn, hemmetaraplaýyn ösen ýaşlary kemala getirmäge uly goşant goşýarlar.