Ï Türkmenistanda resweratrol almagyň tehnologiýasy işlenip düzüldi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda resweratrol almagyň tehnologiýasy işlenip düzüldi

view-icon 2945
Türkmenistanda resweratrol almagyň tehnologiýasy işlenip düzüldi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň biotehnologiýalar barlaghanasynda gyzyl üzümiň giç bişýän görnüşinden bioflawonoid resweratroly almak boýunça ylmy barlaglar geçirildi.

Hünärmenler bu gymmatly antioksidantly üzümiň dürli böleklerinden: miwesiniň gabygyndan, baldaklaryndan, çigidinden we künjarasyndan aldylar. Synag üçin üzümleriň başga görnüşleri hem ulanyldy. Ýokary antioksidant işjeňligi bolan ekstraktiw fenol birleşmeler ösüş möwsüminiň ahyrynda ýygnalan üzüm görnüşleriniň ýapraklaryndan alyndy.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy üzümiň giç bişýän görnüşinden resweratrol almak tehnologiýasy üçin awtorlyk hukugyny hasaba aldy.

Resweratrol ýürek-damar ulgamyny kuwwatlandyrýan, öýjükleri erkin radikallardan goraýan, ýatkeşlige gowy ýardam edýän we alymlaryň pikiriçe, düwnük keseliniň döremeginiň öňüni alyp biljek güýçli tebigy antioksidantdyr.

Resweratrolyň kömegi bilen üzüm şahasy aýaza, ýagyşa we ýele durnukly häsiýete eýe bolýar. Mundan başga-da, üzüm witaminleriň we minerallaryň baý çeşmesi hasaplanylýar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň biotehnologiýalar barlaghanasynyň müdiri Altyn Rahmanowa bu oýlap tapyşyň farmakologiýa, kosmetologiýa we dermatologiýa ugurlarynda giňden ulanylyp bilinjekdigini belleýär.

Biotehnologiýanyň ösüşi dünýä ykdysadyýetinde möhüm ähmiýete eýedir we ösen ýurtlar üçin bu ugurda kämillik ileri tutulýan ugurdyr. Türkmenistan bu ugurda işjeň işler alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 – 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» we «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 – 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde hünärmenler ylmyň gazananlaryny ykdysadyýetň dürli pudaklaryna ornaşdyrmak üçin ylmy-amaly barlaglary alyp barýarlar. Bu maksatnamalaryň möhüm meselelerinden biri, Türkmenistanyň ösümlik dünýäsinden täze dermanlary almak üçin tehnologiýalary işläp taýýarlamakdyr.