Ï Türkmenistanyň we Hindistanyň seljerijileri dostluk hem-de hyzmatdaşlyk köprülereini gurýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Hindistanyň seljerijileri dostluk hem-de hyzmatdaşlyk köprülereini gurýarlar

view-icon 2594
Türkmenistanyň we Hindistanyň seljerijileri dostluk hem-de hyzmatdaşlyk köprülereini gurýarlar

Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar merkeziniň işgärleriniň Hindistanyň “DAKSHIN” Ählumumy Günortasynyň öňdebaryjy tejribeler merkeziniň hünärmenleri bilen geçirilen tanyşlyk onlaýn-duşuşygy hyzmatdaşlaryň nobatdaky we geljekde-de geçiriljek duşuşgy boldy. Bu hyzmatdaşlar bilen Türkmenistanyň seljerijileri soňky wagtlarda iş we işewürlik gatnaşyklary ýola goýýarlar.

Işläp başlanyna köp wagt geçmedik hem bolsa türkmen ýokary okuw mekdebiniň Ylmy Merkez dünýäniň dürli künjeklerinden bolan kärdeşleri bilen, eýýäm, ondan gowrak işewürlik, iş gatnaşyklaryny ýola goýdy.

Häzirki duşuşygy professor Gülşan Saçdewa “DAKSHIN” merkeziniň maksatlary hem-de wezipeleri baradaky habarlary bilen açdy. Hindistanly seljeriji-alym “DAKSHIN” merkeziniň işgärleriniň alyp barýan işleri barada gürrüň berdi. Ol türkmen kärdeşleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga taýýardygyny we şony maksat edinýändigini beýan etdi.

Öz nobatynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň institutynyň Strategik barlaglar merkeziniň ýolbaşçysy, tejribeli diplomat Şiri Şiriýew hindistanly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk etmek baradaky arzuwlaryny aýtdy.

Şeýle hem Ş.Şiriýew ýokary okuw mekdebiň Merkeziniň mümkinçilikleriniň üstünde gysgaça durup geçdi hem-de türkmen we hindi alymlarynyň öwrenmekleriniň üns merkezinde bolup biljek meseleler barada gürrüň berdi. Taraplar 6-njy iýunda Nýu-Delide bolup geçen “Merkezi Aziýa-Hindistan” Dialogynyň dördünji mejlisinde gozgalan meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň dowam etdirilmegine gyzyklanma bildirdiler.

Onlaýn-duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Hindistanyň seljerijileri degişli resminamalara gol çekmäge çykmagyň mümkinçilikleri barada bir pikirde boldular. Şol resminamalar Türkmenistanyň hem-de Hindistanyň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek üçin esasa bolup, giň mümkinçilikleri açar.