Ï Türkmen we koreý ýokary okuw mekdepleri özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen we koreý ýokary okuw mekdepleri özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler

view-icon 2504
Türkmen we koreý ýokary okuw mekdepleri özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler

25-nji iýunda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty we Koreýa Respublikasynyň Kanwon milli uniwersiteti özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. 

Resminama gol çekilmegi bilim we ylym ulgamynda Türkmenistanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda nobatdaky möhüm tapgyr boldy. Bu waka ýokary okuw mekdepleriň arasyndaky özara hereketleri ösdürmäge täze itergi berer, halkara ylym we bilim aragatnaşyklaryny hem-de medeniýetara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açar. 

Ähtnama gol çekmek dabarasynyň çäklerinde taraplar bilim maksatnamalaryň ýokary hilini üpjün etmek, bilelikdäki ylym we bilim taslamalary işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek, okuw we ylmy işleri kämilleşdirmek, mugallymlaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri geçirmek üçin öňdebaryjy tejribeleri we usulyýet gollanmalaryny alyşmak ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmegiň meýilnamalaryny kesgitlediler. Akademiki alyşmalary – talyplaryň, mugallymlaryň we ylmy işgärleriň hünär ýokarlandyryş çärelerini guramak meselelerine hem-de bilelikdäki barlaglaryň geçirilmegine aýratyn üns berildi. 

Iki dostlukly ýurt üçin ähmiýetli bu çäre wideoaragatnaşyk görnüşinde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Koreýa Respublikasy ähli ulgamlarda özara hormat goýmak, düşünişmek, ynanyşmak we dostluk esasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary üstünlikli ösdürýärler. Ylym we bilim ulgamyndaky gatnaşyklara, bilelikdäki okuw maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, iki ýurduň ylmy merkezleriniň hem-de okuw mekdepleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.