Ï Türkmen ýokary okuw mekdebinde milli reýtingiň ýeňijileri sylaglandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen ýokary okuw mekdebinde milli reýtingiň ýeňijileri sylaglandy

view-icon 2908
Türkmen ýokary okuw mekdebinde milli reýtingiň ýeňijileri sylaglandy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda baha bermegiň milli reýtinginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Ol ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirildi.

Baha bermek reýtingi milli onlaýn ulgamy arkaly geçirilip, ol maglumatlary şol wagtyň dowamynda bir ýere jemledi. Bu ulgam ýokary hünär biliminiň hemme ugurlaryny gurşap alyp, ugurlaryň 6-synda 53 usul boýunça görkezijileri seljerdi. Şunda ýokary okuw mekdepleriň diňe bir alyp barýan işi däl, eýsem, her fakultetiň, kafedranyň işi, şeýle hem professor-mugallymlar düzüminiň hili göz öňünde tutuldy.

Bu çäräniň netijeleri boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty toplan umumy utugy boýunça 4-nji orny, mugallymlarynyň we talyplarynyň sany boýunça 3-nji orny eýeledi.

Öz işiniň degişli görkezijileri boýunça institutyň himiki-tehnologik fakulteti ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň fakultetleriniň arasynda 2-nji orny, bu fakultetiň diller kafedrasy bolsa türkmen ýokary okuw mekdepleriniň kafedralarynyň arasynda 3-nji orny eýeledi. 

Mundan başga-da, reýtingiň netijeleri boýunça ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda “Ýokary matematika” kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Sähetgylyç Gylyjow 2-nji orna mynasyp boldy. 

Sylaglamak dabarasynyň dowamynda institutyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň komiteti ýeňijilere ýadygärlik sowgatlary gowşurdy.

Türkmen ýokary okuw mekdeplerine baha bermek Türkmenistanyň bilim ministriniň 2024-nji ýylyň 27-nji iýulynda tassyklan Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerini reýting boýunça bahalandyrmak hakyndaky düzgünnamasyna laýyklykda geçirildi.

Türkmenistanda ýokary okuw mekdeplere reýting boýunça baha bermegiň milli ulgamynyň girizilmegi ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriň sanawyna goşmak, şeýle hem milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek hem-de ony dünýä ölçegleriniň derejesine çykarmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýerine ýetirilýän anyk çäreleriň biridir.