Ï Türkmenistanda badminton oýnunyň nazaryýeti we usulyýeti boýunça okuw kitaby çykaryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda badminton oýnunyň nazaryýeti we usulyýeti boýunça okuw kitaby çykaryldy

view-icon 2945
Türkmenistanda badminton oýnunyň nazaryýeti we usulyýeti boýunça okuw kitaby çykaryldy

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan «Badminton oýnunyň nazaryýeti we usulyýeti» diýen täze okuw kitaby çykarylyp, ol ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri üçin niýetlenilendir. 

Kitap R.Annamämmedow hem-de M.Serdarow tarapyndan taýýarlanyldy. Täze neşire aşakdaky bölümler girizildi: «Giriş», «Badminton oýnunyň ösüş taryhy», «Badminton oýny Olimpiýa oýunlarynda», «Türkmenistanda badmintonyň ösüş ýollary», «Badminton raketkalary», «Badminton topy», «Badminton paketkalaryň kirişleri», «Badminton meýdançasynyň ölçegleri, örtükleri», «Oýnuň düzgünleri (umumy, ýekelikde we jübütleýin)», «Oýnuň nazary we usuly aýratynlyklary», «Oýnuň bedeniň ösüşine täsiri», «Ýaryşlary geçirmegiň we guramagyň usullary», «Badminton hakynda möhüm we gyzykly maglumat».

Okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriň talyplary we mugallymlary, türgenler we tälimçiler, ýöriteleşdirilen çagalar we ýaşlar sport mekdepleriniň okuwçylary üçin bolşy ýaly, sportuň bu görnüşi bilen gyzyklanýan ähli höwesjeň okyjylar üçin-de peýdaly bolup biler.

Täze kitap ýurdumyzyň sport ugurly ýokary okuw mekdepleri üçin niýetlenilen hem-de döwletde türkmen sportuny hemmetaraplaýyn we depginli ösdürmek, ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak, şeýle hem ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan uly işleriň çäklerinde taýýarlanylan milli neşirleriň giň gerimli kitaphanasynyň üstüni ýetirdi.