Şu gün paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we Türkmenistanyň welaýatlarynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul ediş möwsümine badalga berildi.
2025-nji ýylda Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmegiň meýilnamasy şu ýylyň 11-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken degişli Buýrugy bilen tassyklanyldy.
Ýurtda okuwa kabul etmek 14-nji iýuldan 25-nji awgust aralygyndaky döwürde amala aşyrylar, şonuň çäklerinde Aşgabatda, Arkadag şäherinde hem-de welaýatlaryň merkezlerinde dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek işi başlandy. Soňra giriş synaglary bolar. Synaglar Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerlerinde geçiriler.
Ýurtda okuwa kabul ediş möwsüminiň başlanylyşy ýokary guramaçylyk derejesinde üpjün edildi. Ýörite döredilen döwlet topary ýerlerde işine başlady. Onuň düzümi hem Hökümetiň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen tassyklanyldy. Döwlet toparynyň işi ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmäge we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramaga gönükdirilendir.
Welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti degişli Buýruga gol çekip, okuwa girmek isleýän ýaşlara uly üstünlikleri arzuw etdi.
Mälim bolşy ýaly, şu okuw ýylynda Türkmenistanda ilkinji gezek Halkara Senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti talyplara gapylaryny giňden açar. Ol Watanymyzyň işewürlik ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlaýan esasy ýokary okuw mekdebi bolar.
Täze okuw ýylynda açylmagyna taýýarlanýan Halkara Senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti bakalawr maksatnamasy boýunça ilkinji talyplary kabul eder.
Halkara derejeli ýokary okuw mekdep bilim ulgamynyň iri toparlarynyň sekizisi boýunça Diýarymyzyň telekeçiligi üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamaga başlar. Hünär taýýarlygynyň ugurlary aşakdakylardyr: Binagärlik; Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary; Informatika we hasaplaýyş tehnikasy; Maşyngurluşyk; Oba, tokaý we balyk hojalygy; Weterinariýa we zootehnika; Ykdysadyýet we dolandyryş; Hukuk işi.
Ýokary okuw mekdepde okuwlar türkmen we iňlis dillerinde geçiriler. Okuwyň dowamlylygy 5 ýyl bolar: 1 ýyl dil taýýarlygyna, 4 ýyl – bakalawr maksatnamasy boýunça okuwlara berler.
Şu ýyl Halkara Senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylmagy hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binalarynyň ulanmaga berilmegi täze hünärleri girizmäge we okuwa kabul edilýän ýaşlaryň sanyny artdyrmaga ýardam berer diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we bu ugurdaky işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy.
Ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmeli, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirmeli, jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmaly diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz täze okuw ýylyna gowy taýýarlyk görmegiň, orta we ýokary okuw mekdeplerinde abatlaýyş işlerini geçirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem ylmy-barlag işlerini dowam etmek, ylym bilen önümçiligi utgaşdyrmak arkaly önümçilik pudaklaryny ylmy esasda ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmek tabşyryldy.
2025-nji ýylda Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmegiň tertibiniň ýurdumyzyň merkezi metbugat neşirlerinde çap edilendigini bellemek gerek. Onda okuw mekdepler tarapyndan hödürlenilýän hünärler, taýýarlygyň ugurlary, okuwa girmek üçin zerur resminamalar, olary tabşyrmagyň, giriş synaglarynyň geçiriljek möhletleri, şeýle hem okuw mekdepleriň salgylary we telefon belgileri barada giňişleýin maglumatlar hem-de dalaşgärler üçin beýleki peýdaly maglumatlar beýan edilýär.