Ï Türkmen ýokary okuw mekdepleri üçin «Bedenterbiýäniň nazaryýeti we usulyýeti» diýen okuw kitaby çykaryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen ýokary okuw mekdepleri üçin «Bedenterbiýäniň nazaryýeti we usulyýeti» diýen okuw kitaby çykaryldy

view-icon 3952
Türkmen ýokary okuw mekdepleri üçin «Bedenterbiýäniň nazaryýeti we usulyýeti» diýen okuw kitaby çykaryldy

Ýakynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri üçin «Bedenterbiýäniň nazaryýeti we usulyýeti» diýen okuw kitaby çapdan çykdy.

Täze okuw kitap L.Annamyradowa we G.Gajyýewa tarapyndan taýýarlanylyp, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edildi. 

Neşiriň maksady talyplara beden taýdan terbiýelemegiň nazaryýeti we usulyýeti boýunça bilim bermekden, ýaşlaryň sport başarnyklaryny ele almaklaryny, kemala getirmeklerini we kämilleşdirmeklerini gazanmakdan, şeýle hem geljekki bedenterbiýe mugallymlarynyň hünär başarnyklaryny ösdürmekden ybaratdyr. 

Okuw kitaby girişden, sekiz bapdan, şeýle hem peýdalanylan çeşmeleriň we edebiýatlaryň sanawyndan ybarat. Kitapda bedenterbiýäniň nazaryýetiniň we usulyýetiniň umumy ýörelgeleri, onuň maksatlary hem-de okuwlary geçmegiň serişdeleri we usullary, beden işjeňliginiň dürli görnüşleri, okuw işiniň meýilleşdirilişi we oňa gözegçilik edilişi, şeýle hem bedenterbiýäniň ýaş aýratynlyklary barada esasy maglumatlar beýan edilipdir. 

Kitap türkmen sportuny hemmetaraplaýyn we depginli ösdürmek, ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak, ýaş nesilleri sazlaşykly ösdürmek, şeýle hem ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek boýunça döwletde öňde durýan ileri tutulýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde taýýarlanyldy.